Düýş görmek bilen bagly dürlüçe pikirler bolsa-da, anyk sebäbi häzirlikçe ýüze çykarylmady. Bilermenleriň köpüsi arzuwlaryň, pikirleriň we gündizki hereketleriň agşam uklanyňdan soň beýnide täsin ýagdaýda şöhlelenýändigini belleýärler. Düýşler aslynda bolmajak we hakykata ýakyn görnüşde bolup, käte adamy gynandyrýar, käte bolsa begendirýär. Käwagt gowy düýş görenimizde, onuň hakykat bolmagyny isleýäris. Käte gynançly düýşler görenimizde bolsa, ýatlamajak bolýarys. Diýmek, düýş adama ruhy taýdan täsir edýär.
Bilermenler düýş görmegiň rahat uklamaga hem täsir edýändigini belleýärler. Käbir adam her gezek uklanda, käbir adam hepdede 2-3 gezek, käbir adam bolsa, seýrek ýagdaýda düýş görýär. Käbirimiz düýşe ynanýan bolsak, käbir adam ukuda gören zatlaryna üns hem bermeýär. Düýş görmek adamyň saglygyna hem belli bir derejede täsirini ýetirýär. Yzygiderli düýş görýän adamlaryň beýnisi işjeň we ýatkeşligi güýçli bolýar.
Düýşler, köplenç ýada düşmesi kyn bolan ukudaky başdangeçirmeler bolup, belli bir aralykda bolup geçýär. Düýşde duýgular, pikirler we beýnidäki wakalar şöhlelenýär. Adam bir gijeki ukynyň dowamynda iň uzak, ýagny 2 sagat töweregi düýş görüp bilýär. Düýşler edil serial ýaly, bölek-bölek bolup, her düýş 5-10 minut dowam edýär. Emma ukudan oýananymyzda has uzak wagtlap düýş gören ýaly bolýarys.
PDF








