Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 4-5-nji sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen Parlamentara Bileleşiginiň ýaş parlament agzalarynyň 12-nji bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. 

Maslahatyň esasy maksady ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşdaky ornuny pugtalandyrmakdan, dünýä derejesinde ýaş parlamentarileriň kanunçykaryjylyk we döwlet dolandyryş işindäki täsirini we işjeňligini ýokarlandyrmakdan, syýasy, ykdysady we daşky gurşaw babatynda ýaşlaryň hukuklaryny, deň mümkinçiliklerini üpjün etmekden, olaryň arasynda özara ynamy, parahatçylygy we sebitara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça dialogy ýola goýmakdan we tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Maslahatyň açylyş dabarasynda häzirki wagtda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, olaryň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary barada bellenildi. Şeýle hem her bir döwletde durnukly ösüşi gazanmakda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň möhümdigi, ýaşlaryň jemgyýetde öz orunlaryny tapmaklary üçin berk hukuk binýadynyň talap edilýändigi nygtaldy.

Maslahatyň bölümçesinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň we zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak, olar üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Şeýle hem ýaşlaryň we zenanlaryň  hukuklaryny üpjün etmek babatda hereket edýän kanunçylyk namalary, olaryň döwlet dolandyryşyna we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gatnaşygynyň ýokarlanýandygy, bu ugurda halkara guramalar bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada durup geçdi.

Maslahatda dünýä ýurtlarynyň arasynda ýaşlaryň syýasy mümkinçiliklerini giňeltmek, hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny berkitmek babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Ýaşlaryň ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmegiň her bir ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän oňyn täsiri, zähmet bazarynda ýaşlaryň hukuklaryny goramagyň, ýaş telekeçileri goldamagyň ähmiýeti barada hem durlup geçildi we bu barada birnäçe teklipler beýan edildi.

Çykyşlarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe duş gelýän kynçylyklar, bu ugurda hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň zerurlygy, sanly elýeterlilik, howpsuzlyk we maglumatlaryň goraglylygy, ýaşlaryň  başarnyklaryny ösdürmek barada bellenildi we bu babatda  özara  pikir alşyldy.

Çeşme: mejlis.gov.tm