Tapgyryň merkezi duşuşygynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Inter” bilen güýç synanyşdy. Žoze Mourinionyň häzirki şägirtleri onuň öň türgenleşdiren toparyny Mbappeniň (14) hem-de Walwerdeniň (23) gollary esasynda 2-1 hasap bilen ýeňdi. Oýunda 2 golda-da “interli” futbolçylar – Bissaka bilen derwezeçi Hosep Martines gödek ýalňyşlyk goýberdi. “Interiň” ýeke-täk goluny 77-nji minutda Karlos Augusto öz adyna ýazdyrdy. Duşuşykda “Realyň” 1-nji goluny geçiren Kilian Mbappeniň Çempionlar Ligasyndaky gollarynyň sany 71-e ýetip, ol Raul Gonzales bilen deňleşdi. Mbappe bu sanawda Ronaldo, Messi, Lewandowski, Benzema dagydan soň 5-nji ýeri eýeleýär. Şeýle-de, duşuşykda ençeme seýw eden Tibu Kurtua Çempionlar Ligasyndaky 100-nji oýnuny geçirdi. Ol bu ýaryşda 100 duşuşyk geçiren 56-njy futbolçy boldy.
“Lill” bilen “Betisiň” arasyndaky duşuşyk çekeleşikli we dartgynly geçip, myhmanlar 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýer eýeleri 2 gezek öňe geçse-de, olara üstünligini saklamak başartmady. “Lill” toparynda Etan Mbappe 56-njy minutda gyzyl kart aldy. Duşuşykda esasy düzümde meýdança çykan “Betisiň” oýunçysy Isko bir ýurduň 5 kluby bilen Çempionlar Ligasynda oýnan ilkinji futbolçy boldy.
5 goluň geçirilen başga bir duşuşygynda “Borussiýa Dortmunda” öz meýdançasynda “Wilýarrealy” ýeňmek ýeňil düşmedi. Dortmundlylar Weiganyň 53-nji minutdaky awtogoly bilen öňe geçse-de, 66-njy minutda Mourinýo hasaby deňledi. Oýnuň soňky minutlarda “Borussiýa Dortmundyň” kot-d’iwuarly hüjümçisi Seru Girassi 3 gezek tapawutlandy. Ol 80-nji we 85-nji minutlarda öz toparynyň, 90+3-nji minutda bolsa awtogol bilen “Wilýarrealyň” goluny geçirdi. “Wilýarreal” toparyna Çempionlar Ligasynda 11 oýundan bäri ýeňiş gazanmak başardanok (10 ýeňliş, 1 deňlik).
PDF








