Wa­le­ri­ýa Pe­ruans­ka­ýa, rus ýa­zy­jy­sy

Ga­py­nyň ja­ňy uzak hem ga­ty jyň­ňyr­da­dy. Mişa kim­le­riň ge­len­di­gi­ni der­rew aňdy-da uly şat­lyk bi­len:
– Ata jan! Ene jan! – di­ýip gy­gyryp, yl­gap eý­wa­na çyk­dy. Ýö­ne nä­çe ýo­ka­ryk bök­se-de ga­py­nyň zyn­jy­ry­na eli ýet­me­di. On­ýan­ça ka­ka­sy ge­lip ga­py­ny aç­dy. Öýüň içi şat­lyk-şa­ga­laň­dan dol­dy.
Miş­anyň maşgalasy tä­ze öýe gö­çüp ge­le­li bä­ri, atasy bilen ene­si ola­ryň öýü­ne myh­man bol­ýar­dy­lar. Ýol uzak, aw­to­bus­da bir sa­ga­da go­laý ýol sök­me­li, hem­me­si hem iş­li. Şo­nuň üçin hem Mi­şa ata­sy­dyr ene­si­ni öň­kü­ler ýa­ly her gün gö­rüp bi­le­nok­dy. Gar­ry­lar kä­te ada­ty iş gün­le­rin­de ag­şam­la­ry­na gel­ýär­di­ler. Şon­da ol Mişa üçin edil ýek­şen­bä – dynç gü­nü­ne öw­rü­läý­ýär­di: öýüň içi gül­ki-şa­ga­laň­dan do­lup, sa­çak­da dür­li-dü­men nä­zi-nyg­mat­lar peý­da bol­ýar­dy.
Ine, hä­zir hem ulu­lar ga­dyr­ly gö­rüş­ýär­di­ler, bi­rek-bi­re­gi gu­jak­la­ýar­dy­lar. Miş­a­ny ele alyp, haý­ran gal­mak bi­len: «Tü­we­le­me, bu-ýa go­çak ýi­git bo­lup­dyr! Dü­me­win­den hem aý­ňa­lyp­dyr, ädi­gi­ne da­gy se­re­diň, tä­ze­je!» di­ýiş­ýär­di­ler. Ga­py­dan gi­rilen ýer­de bol­sa içi do­ly ala­ja reňk­li tor­ba dur­dy. Mişa ola­ryň için­de özü­ne ni­ýet­le­nip ge­ti­ri­len oý­na­wa­jyň, süý­ji­niň, hat­da kö­kä­niň bar­dy­gy­ny hem go­wy bil­ýär­di. Ýö­ne tor­ba üns be­rip dur­ma­dy, onuň üçin esa­sy zat atasy bilen ene­si­niň öýlerine gel­me­gi­di. Se­bäbi olar bi­len bi­le wagt ge­çir­mek hezildi. Ka­ka­sy öý­dä­ki äh­li çy­ra­la­ry ýa­kyp, içe­ri­ni gün­diz ýa­ly ýag­tyld­ýar­dy. Ata­sy Mişa bi­len dür­li oýun­lary oý­nar­dy. Ka­ka­sy bol­sa my­dam iş­li bo­lan­soň, Miş­a bi­len oýun oý­na­ma­ga eli de­ge­nok­dy.
Bu gün Miş­a gij­räk uk­lar… Öý­de myh­man bar­ka ol nä­dip ir ýat­syn?!
Ene­si öýe gi­rip-gir­män­kä:
– Bu döw­re­bap tä­ze gur­lan jaý­lar nä­hi­li yk­jam, nä­hi­li aras­sa?! Gö­zü­ňi do­kun­dy­ryp dur – diý­di. Soň bol­sa tor­ba­syn­dan kar­ton gu­tu­jyk­lar­dyr ka­gy­za do­la­nan zat­la­ry, oýun­jak­la­ry çy­kar­ma­ga baş­la­dy. Ata­sy bol­sa Miş­a­ny ýo­ka­ry gal­dy­ra­ga­-da dy­zy­nyň üs­tün­de oturt­dy, beý­le­ki dy­zy­na bol­sa kar­ton gu­ty­ny goý­dy:
– Ha­ny, bil, mu­nuň için­de nä­me bar?
– Ka­ka, mu­ny ha­çana çen­li beý­dip lä­lik­si­ret­jek? – di­ýip, Miş­a­nyň ka­ka­sy öý­keli ýaly so­ra­dy.
– Öň­de­nem oýun­jak­la­ry kän, ni­rä goý­ja­gy­ny bi­le­nok.
Oňa Miş­a­nyň eje­si hem go­şul­dy:
– Ýö­ne ýe­re pul sow­mak nämä gerek!
Ýö­ne ata­syn­dan öň gar­ry ene­si:
– Mu­nuň biz üçin aý­ra­tyn lez­ze­ti bar – di­ýip jo­gap ber­di. Mişa­nyň ka­ka­sy:
– Ha­wa-la, siziň üçin lez­ze­ti bar­dyr. Ýö­ne siz mu­ny lä­lik­si­re­dip, so­ňun­da­nam bi­ze taş­lap gid­ýär­si­ňiz. Bu-da ba­şy­my­za oýun sa­lar. Ol hak­da oý­la­naňy­zo­gam – di­ýip, ki­ne­li­räk gep­le­di. Ata­sy:
– Ser­ýo­ža, bü­rä­ni dü­ýä öwü­räý­diň-aý se­nem – diý­di-de, Miş­a ta­rap eglip:
– Ha­ny, bil­diň­mi? – di­ýip so­ra­dy.
– Ýük kra­ny.
– Bil­me­diň.
– Ýan­gyn sön­dü­ri­ji ma­şyn.
– Ol hem däl.
Miş­a­nyň ata­sy­nyň keý­pi kök­di. In­di ka­ka­sy bi­len eje­si gar­ry­lar bi­len je­de­li goý­du­lar-da, «Ha­ky­kat­da­nam, gu­ty­nyň için­de nä­me bar­ka? Mişa nä­me­di­gi­ni bi­ler­mi­kä?» di­ýip, gy­zyk­la­nyp ug­ra­dy­lar.
– Bu­ra­ti­no.
– Ýok, olam däl.
– Gör­ke­zäý-dä, ata!
Ata­sy kar­ton gu­ty­nyň ga­pa­gy­ny aç­dy. Mişa eg­lip gu­ty­nyň içi­ne göz aý­la­dy-da:
– Hyz­la­wuk – diý­di. Yzyn­da­nam: – Ma­ňa We­ra daý­zam edil şu­nuň ýa­ly hyz­la­wuk sow­gat be­rip­di – diý­di.
– Wah-eý, bol­man­dyr-a. Men bol­sa sen­de ýok za­dy ge­ti­rä­ýän­di­rin öý­düp­dim.
– Onuň göw­nü­ne ýa­ra­naý­mak si­ziň eli­ňiz­den gel­mez – di­ýip, ka­ka­sy gür­rü­ňe go­şul­dy. Ata­sy:
– Dog­ry, sen mam­la ýa­ly. Bol­ýar-da, Miş­a jan, ze­le­li ýok. Öý­ke­le­me. Hä­zir iki­miz bäs­le­şe­ris. Ha­ny, sen We­ra daý­zaň sow­gat be­ren hyz­la­wu­gy­ny äkel. Gö­re­li, ki­miň hyz­la­wu­gy kän aý­la­nar­ka! – diý­di.
Miş­a yl­gap oýun­jak­la­ry­nyň du­ran ýe­rine bar­dy. Ol ýer­dä­ki dür­li mar­ka­ly ulu­ly-ki­çi­li aw­to­mo­bil­le­riň, gur­lu­şyk oý­na­waç­la­rynyň, top­ja­gaz­la­ryň, ýumşak aýy­jyk­la­ryň ara­syn­dan hyz­la­wu­gy­ny al­dy-da, ata­sy­na:
– Ata, ge­liň, ýaryşaly! – diý­di.
Ga­ýyn­dyr ge­lin aş­ha­na gi­rip biş-düş bi­len bol­du­lar. Miş­a bi­len ata­sy bol­sa çö­ke dü­şüp, hyz­la­wuk­la­ry pyr­la­ma­ga baş­la­dy­lar. Olar uzak wagt­lap tow­lan­dy­lar. Miş­a öz hyz­la­wu­gy­nyň köp aý­lan­ma­gy­ny is­läp, umyt­ly na­za­ry bi­len oňa se­re­dip otyr­dy. Onuň ga­ra­şy­şy ýa­ly hem bol­dy.
– Men ýeň­dim! Men ýeň­dim! – di­ýip, og­lan­jyk be­gen­jin­den ýa­ňa se­si­ne bat be­rip gy­gyr­ýar­dy.
– Ge­liň, ýe­ne oý­na­ýa­lyň!
– Bol­ýar, og­lum!
Miş­a­nyň eje­si­dir gar­ry ene­si sa­çak taý­ýar­la­dy­lar. Ene­si iki­ba­ka ge­çen­de her gezek Mişa­ny og­şa­ýar­dy. Ol bol­sa:
– Ma­ňa päs­gel ber­mä­ýiň! – di­ýip bar ün­sü­ni oý­na ber­di.
Maş­ga­la bolup sa­ça­gyň da­şy­na üý­şüp ag­şam­lyk edin­mä­ge baş­la­dy­lar. Sa­çak­da süý­ji-kö­ke, hat­da tort hem bar­dy. Miş­a­nyň ­ta­ba­gy­na şo­ko­ladly gül­li tort­dan bir bö­lek ke­sip goý­du­lar.
Şol wagt ga­py­nyň ja­ňy jyň­ňyr­da­dy. Öý bikesi «Kim gel­di­kä?» di­ýip ga­pa ýö­nel­di.
Eý­wan­da py­şyr­dy eşi­dil­di, so­ňam ga­py ýa­pyl­dy. Öý bi­ke­si aşaky gat­da ýa­şa­ýan Kost­ýa­ny hem ýa­ny bi­len ge­tir­di. Kos­týa Miş­a­dan bir ýaş ki­çi­di. Onuň al­tyn reňk­li sa­çy lo­wur­dap dur­dy, ýa­ňak­la­ry gyp-gyr­my­zy hem tom­mu­jak – edil Miş­a­nyň ata­sy­nyň ge­çen ýyl ge­ti­ren na­ry ýa­ly­dy. Mişa­nyň eje­si:
– Öýü­mi­ze ýe­ne bir myh­man gel­di. Ta­nyş bo­luň, Kos­týa – di­ýip, gar­ry­la­ry ta­nyş­dyr­dy: – Eje­si­niň git­me­li ýe­ri bar eken, gel­ýän­çä göz-gu­lak bol­ma­gy ha­ýyş et­di.
Mişa­nyň ata­sy gap­da­lyn­da­ky otur­gy­jy Kos­týa ta­rap süý­şü­rä­ge-­de:
– Sa­lam, Kos­týa! Ha­ny gel, dos­tum! Biziň bi­len bi­le çaý içer­miň? – di­ýip, oňa ýüz­len­di.
Kos­týa sa­ça­ga göz aý­la­dy-da:
– Içe­rin – diý­di.
– Tü­we­le­me. Be­re­kel­la.
Ki­çi­jik myh­ma­na çaý bi­len şo­ko­ladly gül­li tort ber­di­ler. Eje­si tor­ty bö­lek­le­re bö­lüş­di­rip, Kos­týanyň ag­zy­na tu­tup iý­dir­mä­ge baş­la­dy. Miş­a­nyň ga­ban­jaň­ly­gy tu­tup:
– Nä­me üçin onuň ag­zy­na tu­tup ber­ýär­si­ňiz? Ol nä, ki­çi­jik ça­ga­my? – diý­di.
– Ki­çi­jik-dä, el­bet­de. Ol sen­den hem ki­çi ahy­ryn – di­ýip, eje­si my­la­ýym­lyk bi­len jo­gap ber­di.
Kos­týa edil do­dak­la­ry kä­sä ýa­py­şyp ga­lan ýa­ly edip uzak wagt­lap çaý iç­di.
– Ýör, in­di hyz­la­wuk­la­ry pyr­lap oý­na­ly. Se­niň hyz­la­wu­gyň bar­my? – di­ýip, Mişa otur­gyç­da otu­ran Kost­ýa­nyň ýa­ny­na ge­lip, oýun­ja­gy­ny pyr­la­dy.
– Ýok.
Kos­týanyň özi otur­gyç­dan dü­şüp bil­me­di. Mişa­nyň ka­ka­sy onuň gol­tu­gyn­dan gö­te­rip ýo­ka­ra – pe­ti­ge çen­li zy­ňyp gap­dy. Kos­týa mu­ňa diý­seň be­ge­nip, jy­kyr-jy­kyr gül­di.
– Kos­týa, sen nä­me üçin beý­le sa­ry­ja – di­ýip, ony ýe­ne ýo­ka­ryk zy­ňyp, ýe­ne ga­pyp al­dy. Bu ýag­daý Kos­týany diý­seň şat­lan­dyr­dy. Og­lan­jyk­lar he­zil edip gü­lüş­di­ler.
– Kos­týanyň eje­si örän my­la­kat­ly, zäh­met­keş zenan, öýü­niň içi­ni-da­şy­ny gül pür­kü­len ýa­ly edip sak­la­ýar… – di­ýip, Miş­a­nyň eje­si gar­ry­la­ra gür­rüň ber­di.
Og­lan­jyk­lar hyz­la­wu­gy pyr­lap oý­na­dy­lar. Her ge­zek Mişa gar­şy­da­şyn­dan rüs­tem gel­ýär­di. Çün­ki ol ulu­rakdy hem Kos­týa gö­rä bi­raz eka­byr­rak­dy. Ýö­ne her­nä­çe utul­sa-da, Kos­týa as­la ga­har­lan­ma­dam. Onuň pes­päl­li­gi özü­ni alyp bar­şyn­da­nam bel­li­di. Bir­den­kä ol sen-men ýok, yl­gap bar­dy-da Mişa­nyň eje­si­niň gu­la­gy­na nä­me­dir bir zat ça­wuş çak­dy. Mişa­nyň eje­si ony aý­dan ýe­ri­ne äkit­di we ol işi­ni bi­tir­ýän­çä ga­py­nyň ag­zyn­da dur­dy.
Şol wagt ata­sy Mişa:
– Mi­şa jan, sen hyz­la­wuk­la­ryň bi­ri­ni Kos­týa sow­gat et­seň go­wy bo­lar­dy. Sa­ňa ola­ryň bi­rem bol­ýar-a! – diý­di.
Miş­a mu­ny eşit­se-de eşit­me­dik­si­rän bol­dy.
– Miş­a jan, ataň sö­zü­ni eşit­diň­mi, og­lum? – di­ýip ene­si on­dan so­ra­dy.
– Nä­me? – di­ýip, Miş­a gö­wün­li-gö­wün­siz so­ra­dy.
– Kos­týa hyz­la­wu­gyň bi­ri­ni sow­gat ber­seň diý­ýän.
– Siz mu­ny özü­ňiz ma­ňa sow­gat ber­di­ňiz-ä. Nä­dip sow­gat ber­len za­dy baş­ga bi­ri­ne sow­gat be­re­ýin? On­so­ňam nä­dip soň atam bi­len ýaryşyp oý­na­rys?
– Ga­ty gys­ganç bo­lup ösüp bar­ýar-da, bi­le­mok, bu hä­si­ýe­ti ki­me çe­kip­dir. Biz-ä mu­ňa gys­ganç­ly­gy öw­re­dem­zok. Ýog­sam… – di­ýip, Mişa­nyň eje­si sö­zü­ni ta­mam­la­man goý­dy.
– Ýog­sa­myň nä­me? Ça­ga hem­me zat ma­ňa, hem­me zat me­niň­ki diý­me­gi en­dik edip­dir. Hu­syt – di­ýip, ka­ka­sy ga­har­ly jo­gap ber­di.
«Hu­syt» sö­zü­niň ma­ny­sy­na dü­şün­me­se-de Miş­a ka­ka­sy­nyň ähe­ňin­den onuň er­bet söz­dü­gi­ni bil­di.
– Men hu­syt däl – di­ýip, öý­ke­li jo­gap ber­di-de, tö­we­re­ge na­zar aý­la­dy. Gör­se, ulu­la­ryň äh­li­si ýüz­le­ri­ni sal­la­şyp otyr. Ahy­ry Miş­a­nyň ata­sy dy­myş­ly­gy boz­dy:
– Ag­ty­ja­gym, gys­ganç­lyk ada­ma ge­liş­ýän hä­si­ýet däl.
«Hiç dü­şü­nip bi­le­mok, men nä­hili ýal­ňyş iş et­dim­käm? Hyz­la­wu­gy öz­le­ri sow­gat ber­di­ler, ýe­ne öz­le­ri yzy­na gaý­ta­ryp al­jak bol­ýar­lar» di­ýip, Mişa içi­ni gep­let­di.
Bo­lan gür­rüň­ler­den ha­bar­syz Kos­týa Miş­a­nyň ýa­ny­na gel­di-de:
– Ýe­ne oý­na­rys­my? – diý­di.
– Ýok, özüň oý­na­ber – di­ýip, Mişa nä­gi­le­lik bi­len jo­gap gaý­tar­dy.
Ka­ka­sy:
– Miş­a, ga­ha­ry­my ge­tir­mesene! – di­ýip hüňürdedi.
Ulu­lar gür­rüň­le­ri­ni do­wam et­dir­di­ler. Miş­a çal reňk­li «Wol­ga­sy­ny» sür­ýär­di. Kos­týa bol­sa oňa ün­sem ber­män hyz­la­wu­gy pyr­laýar­dy. Ha­çan-da hyz­la­wuk ýy­ky­lan­da he­zil edip gül­ýär­di. Kos­týanyň bu bol­şu­ny ulu­lar mä­hir hem söý­gi bi­len syn­lap otyr­dy­lar. Mişa bol­sa bar­my­syň diý­ýä­nem ýok­dy. Ola­ryň bu bol­şun­dan Miş­a öň­kü­de­nem be­ter öý­ke­le­di. Şol wagt Miş­a­nyň eje­si Kos­týany ýa­ny­na ça­gyr­dy:
– Ha­ny, bä­ri gel, sa­ňa bir zat ber­jek.
Kos­týa der­rew yl­gap gel­di. Mişa­nyň eje­si oňa bi­rem däl, iki sa­ny kem­put ber­di.
– Sag bo­luň!
– Se­nem sag bol!
Em­ma Miş­a­nyň eje­si bil­geş­leýin og­lu­na ta­rap se­ret­me­dem.
Kos­týa Mişa­nyň ýa­ny­na bar­dy-da, kem­put­la­ryň bi­ri­ni oňa uzat­dy:
– Al, Miş­a!
– Ge­rek däl! Is­le­se, eje­miň özi hem be­rip bi­ler­di!
– Ýok, al, ejeň sa­ňa be­re­nog-a – di­ýip, Kos­týa päk ýü­rek­li­lik bilen dü­şün­dir­mä­ge baş­la­dy.
Onuň bu bol­şu­ny syn­lap otu­ran ulu­la­ryň ba­ry gü­lüp goý­ber­di. Mişa bol­sa öý­ke­si­ni go­ýa­nok­dy. Bu gün ýek­şen­bä meň­ze­me­di. Ol ýe­ne Kos­týa bi­len hyz­la­wuk oý­na­ma­ga baş­la­dy. Ýö­ne nä­me üçin­dir, oýun öňk­üsi ýa­ly gy­zyk­ly däl­di.
Kos­týanyň hyz­la­wu­gy ýy­kyl­dy. Miş­a ga­har­ly:
– Aý­la­ma­gam ba­şa­ra­ňok – diý­di-de, oýun­ja­gy alyp, ata­sy­nyň ýa­ny­na yl­ga­dy. – Ýö­rüň, ata, iki­miz bi­le oý­na­ly!
Mişa öz ýa­nyn­dan «Kost­ýa me­niň ata­myň bar­dy­gy­ny hem bil­sin» di­ýip mu­ny bil­geş­leýin et­di. Ol ata­sy­nyň dy­zy­na mün­mek­çi bol­dy, ýö­ne dyz­lar gö­ýä öň­kü­sin­den beý­ge­len ýa­ly teý-ahyr oňa çy­kyp bil­me­di. Şol wagt ol ata­sy­nyň gol­la­ry bi­len özü­ni ça­la­ja itip du­ran­dy­gy­ny duý­dy.
– Mi­şa, gy­nan­sak-da, bu gün seniň bi­len hyz­la­wuk oý­nap bil­jek däl.
Atasy bu ge­zek he­mi­şe bol­şy ýa­ly söý­gü­läp «Miş­a, Mişa jan, kö­şe­gim» hem diý­män, ýö­ne «Mi­şa» diý­mek bi­len oň­dy. Bu söz Miş­a­nyň tu­tuş göw­re­si­ne buz ýö­re­den ýa­ly tä­sir et­di. Ol ata­sy­nyň ýü­zü­ne se­re­den­den, bir­hi­li sus­sy ba­syl­dy, gork­dy, ata­sy düý­bün­den nä­ta­nyş ada­ma meň­ze­di. Ýö­ne ol ýe­ne Kos­týa göz üçin ata­sy­na ýa­py­şyp ag­lam­jy­ra­ma­ga baş­la­dy:
– Ata, ýö­rüň, bi­le oý­na­ýa­lyň!
– Ýok, og­lum, men gys­ganç­lar bi­len iş sal­şa­mok. Nä­dip sen bi­len oý­na­ýyn?!
– Men gys­ganç däl-ä! Ony özü­ňiz sow­gat et­di­niz ahy­ryn!
Ola­ryň gür­rü­ňi­ne Miş­a­nyň ka­ka­sy go­şul­dy:
– Bol­dy, bol­dy, bes et in­di ag­la­maňy. Bar, oýun­jak­la­ryň ýa­ny­na!
Ka­ka­sy bi­len söz al­şyp dur­ma­gyň ne­ti­je­siz­di­gi­ne göz ýe­ti­ren Mişa diý­le­ni et­mek bi­len bol­dy.
Şol wagt hem Kos­týanyň eje­si ga­py­dan gir­di. Ol ge­le-gel­mä­ne:
– Og­lum, akyl­ly­ja bo­lup otur­dyň­my? – di­ýip so­ra­dy.
– Tort iý­dim, kem­put iý­dim, hyz­la­wuk hem oý­na­dym! – diýip Kostýa jogap berdi.
– Baý-bow, bu­lar se­ni lä­lik­si­re­dip bi­lip­dir­ler-ä. Ýör, in­di öýe gaý­da­ly. Ha­ny, sag ­bol diý­jek däl­mi?
Kost­ýa: – Sag bo­luň! – diý­di.
Miş­a öýüň bir bur­çun­da dur­dy. Hä­zir oňa gö­ýä öý­den nä­me­dir bir mö­hüm zat hem Kos­týa bi­len bi­le gid­ýän ýa­ly du­ýul­dy. Ýö­ne nä­me­di­gi­ni Mişa­nyň özi hem bi­lip bil­me­di. Şon­da-da ol nä­me üçin­dir Kost­ýa­nyň öý­den git­me­gi­ni is­le­me­di. Ýok, her nä­me-de bol­sa Kos­týa git­jek bol­ýar. Hem­me­ler ola­ry ug­rat­mak üçin dä­li­ze çyk­dy, di­ňe Mişa­nyň özi bir çet­de sop­baş gal­dy. Ol «Hä­zir Kos­tik gi­der, men bol­sa atam bi­len oý­na­ryn» di­ýip oý­lan­dy-da, oýun­jak­la­ry­na göz aý­la­dy. Ýö­ne nä­me üçin­dir ola­ra se­ret­mek, aý­ra­tyn-da Kos­týanyň oý­nan hyz­la­wu­gy­na se­ret­mek on­da ýa­kym­syz duý­gy dö­ret­di. Miş­a bir­den­kä gy­gy­ryp:
– Kos­týa, dur, git­me­se­ne – diý­di.
Ol häl­ki hyz­la­wu­gy eli­ne ala­ga-­da – Kos­týa, Kos­týa, me, al­sa­na şu­ny! – di­ýip, dä­li­ze ba­ka yl­ga­dy. Hä­zir Miş­a oýun­ja­gy­ny as­la gys­ga­na­nok­dy, mu­ňa özi hem haý­ran gal­ýar­dy.
– Bu nä­me? – di­ýip, Kos­týanyň eje­si so­ra­dy.
Miş­a dü­şün­dir­mä­ge baş­la­dy:
– Bu Kos­týa üçin. Men­de iki­si bar. Ma­ňa bi­ri hem ýe­tik. Kos­týa, ge­rek­mi?
– Ha­wa, ge­rek.
Eje­si oňa dü­ze­diş ber­di:
– «Sag bol» diý ahy­ry!
– Sag bol!
Hem­me­ler gü­lüş­di. Mişa hem gül­di. Ata­sy bol­sa ony gol­tu­gyn­dan tu­ta­ga-­da ýo­ka­ryk gal­dyr­dy. Bu gün ýe­ne ýek­şen­be gü­nün­dä­ki ýa­ly şat­lyk­ly bol­dy.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden Jemşit DURDYÝEW,

Dä­new et­ra­byn­da­ky 32-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.