Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda atçylyk sportuny we milli seýisçilik sungatyny ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewi bütin dünýäniň hem gymmatlygydyr.
Muňa 4 – 6-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşigi boýunça geçirilen dünýä çempionaty hem aýdyň subutnamadyr. Häzirki wagtda ahalteke atlarynyň bäsleşikleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, Russiýa Federasiýasynda, Ýewropa döwletlerinde, Hytaýda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem yzygiderli geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde gecirilen dabaralar ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyran daşary ýurt saparlary atçylyk diplomatiýasynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi.
Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, halkara ylmy-amaly maslahaty, ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän halkara bäsleşigi we sergi-ýarmarkasy Watanymyzyň abraýyny, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga şert döretdi. Bu halkara çäre täsin we ýatda galyjy çäreleriň toplumy hökmünde Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly geçmişini, atşynaslyk boýunça ýeten ýokary derejesini Ýewropada tanatdy. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewleriň halklaryň arasynda parahatçylygyň we dostlugyň ilçileri hökmünde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga itergi berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleriniň şan-şöhradyny we abraýyny tutuş dünýäde belende galdyrmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimize bagyşlanan «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitabynyň niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň Niderlandlar Patyşalygynda geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen, pederlerimiziň atşynaslyk sungatyny ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu asylly başlangyç häzirki wagtda hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda Niderlandlar
Patyşalygynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli çäreler munuň nobatdaky güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyzyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisinde eden çykyşynda öňe süren halkara başlangyçlary ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrar. Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalynyň geçmişden hem şöhratly bolmagyny gazanmagyň hemmeleriň umumy borjy bolup durýandygyna ynam bildirip, häzirki döwürde munuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Milli Liderimiziň ahalteke atlarynyň Olimpiýa ýaryşlaryna gatnaşmagy, ahalteke bedewlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry boýunça atly syýahatyň guralmagy, ahalteke bedewiniň bitewi genetik bankyny hem-de ahalteke atlarynyň Halkara gaznasyny döretmek baradaky başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döretdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraga mynasyp bolmagy, türkmen halkyna, dünýä meşhur ahalteke atlarynyň mekany bolan Türkmenistana goýulýan hormatyň we minnetdarlygyň nyşany bolup durýar.
Türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan bedewlere gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke atlarynyň şan-şöhradyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändigine buýsanjymyzyň çägi ýokdur.
Amangül JUMADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF







