Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň üsti yzygiderli açylýar. Çig mal serişdelerini gaýtadan işleýän senagat pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem energetika howpsuzlygy baradaky alnyp barylýan işler dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň esasyny düzýär. Häzirki wagtda energiýa howpsuzlygyna degişli meseleler halkara gatnaşyklarynda örän möhüm ähmiýete eýe bolup, diňe bir milli we dünýä derejesinde durmuş-ykdysady ösüşiň depginlerini däl, eýsem, adamzadyň geljekki ýaşaýşyny hem kesgitleýär. Energiýa howpsuzlygyna degişli meseleler, ilkinji nobatda, global häsiýete eýedir. Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerini öňdebaryjy öndüriji we üpjün ediji ýurtlaryň biri bolup durýar. Bu bolsa, energiýa çäginde halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýasy üçin ygtybarly esasdyr.
Energiýa howpsuzlygynyň ylmy-nazary esaslary üçin, energiýa howpsuzlygy bilen bagly halkara gatnaşyklar babatda bar bolan ylmy tejribe işleriniň netijelerini öwrenmek zerur bolup durýar. Jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda energetika pudagynyň kesgitleýji orna eýe bolýandygy sebäpli, dünýäniň köp döwletleri öz energetika kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, bu gurşawda alnyp barylýan işleriň strategiýasyny we maksatnamasyny işläp düzmäge uly üns berýärler. Dünýäde ykdysady we syýasy durnuklylyk, adamzadyň abadançylygy, ekologiýanyň ýagdaýy belli bir derejede dünýä energetikasynyň ösüşine bagly bolýar.
Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistan energetika ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Elbetde, biziň ýurdumyzyň tebigy gazyň ýüze çykarylan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýändigini nazara alsaň, munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biz ýangyç serişdelerini köp möçberde öndürýän we daşary ýurtlara iberýän döwlet hökmünde ýurdumyzyň üstüne düşýän jogapkärçiligi öran berk duýýarys». Ägirt uly nebit we gaz gorlary döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy çeşmeleriniň biri bolup, Türkmenistanyň halkara energetika strategiýasynyň esasy maksady durnukly we uzakmöhletleýin esaslarda türkmen energiýa çig malyny gaýtadan işlemek hem-de turbageçirijileriň köpugurly ulgamyny ösdürmek arkaly dünýä bazarlaryna çykarmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi energetika ulgamynda parahatçylykly syýasy-diplomatik ýörelgeler esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýär, döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynda «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýlip atlandyrylan syýasy ýol-ýörelgäniň öňe sürülmegi BMG-niň howandarlygynda sebitara energetika dialogynyň, ýagny hyzmatdaşlygyň hemmeler üçin açyk görnüşiniň ýola goýulmagyna esas döredýär, ýangyç-energetika serişdeleriniň ägirt uly ätiýaçlyk gorlary olaryň daşary ýurt sarp edijilerine dürli ugurlar boýunça iberilmegini şertlendirýär. Netijede, olary öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän ýurtlaryň arasynda özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklaryň gazanylmagyna, howpsuz ösüşiň tarapdarlarynyň sanynyň artmagyna ýardam berýär.
Ýurdumyz energetika howpsuzlygy meselesi boýunça halkara başlangyçlary durmuşa geçirmekden ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji, 64-nji, 65-nji, 66-njy sessiýalarynda eden çykyşlarynda öňe süren garaýyşlary energiýa howpsuzlygynyň ähmiýetini, energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuz ýagdaýda amala aşyrylmagynyň halkara-hukuk esaslaryny öwrenmekde esasy görkeziji bolup hyzmat edýär. Oňa laýyklykda, energiýa üpjünçilik ulgamynda halkara-hukuk esasyny döretmäge işjeň gatnaşýan BMG-ä agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda iş alyp barjak Sebitara energiýa dialogyny döretmek hakynda teklip edildi. Energiýa howpsuzlygyny öwrenmekde türkmen hem-de daşary ýurtly alymlaryň ylmy işleri, derňewleri uly mana eýedir we olary özleşdirmek möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Bekgi arslanow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.
PDF








