Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygy taryha altyn harplar bilen ýazylýan beýik ösüşleriň, gazanylan uly üstünlikleriň we döredijilikli zähmetiň aýdyň nyşanyna öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu şanly sene halkymyzyň agzybirlik, parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen gazanan ýeňişleriniň dabaralanmasydyr.
Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslendi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegi we halkara başlangyçlaryň giňden goldanylmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň miweleridir. Daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary bilen ýola goýlan deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklar Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da belende galdyrdy.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda alnyp barylýan giň göwrümli gurluşyklar, täze şäherçeler, hassahanalar, şypahanalar, sagaldyş merkezleri, mekdepler we medeniýet öýleri, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem mekdepleriň we çaglar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ata Watanymyzyň kuwwatynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň üstünlikli dowam etdirilmegi we ýurdumyzyň sebitleriniň ösdürilmegi Garaşsyzlygymyzyň hakyky miwesidir. Ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgama geçmek, ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Mundan başga-da, ýaşlarymyz ylymda, sportda, medeniýetde we döredijilikde täze sepgitlere ýetip, ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda gazanylýan ýeňişler, ylmy bäsleşiklerde öňe sürülýän taslamalar ýurdumyzyň geljeginiň ygtybarly gollardadygyny tassyklaýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda her bir watandaşymyzyň ýüregi buýsanç duýgusyna beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jebisleşen agzybir halkymyzyň yhlasy bilen Garaşsyz Watanymyz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslener.
Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.
Baýram Amanow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, leýtenant.
PDF








