«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly durmuşymyzda ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Tylla güýzüň ilkinji aýynyň ilkinji günlerinde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagy ylym-bilim ulgamynda möhüm ähmiýetli taryhy waka boldy. Onuň dowamynda ýaş nesliň öwrenmäge höwesini artdyrmak, olaryň milli gymmatlyklara wepalylygyny berkitmek babatda gymmatly pikirler beýan edildi. Öňe sürlen her bir pikir ýaşlaryň durmuşda dogry ýol-ýörelgäni saýlamagyna, Watana söýgüsini iş ýüzünde görkezmegine ýardam berýän nusgalyk öwüt-ündewlere öwrüldi. Şunda bilim bilen terbiýäniň sazlaşygynyň kämil şahsyýeti kemala getirmegiň esasy şertleriniň biridigi aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň beýik geljegini gurujylara bildirýän belent ynamy olary täze üstünliklere, döredijilikli zähmete, ylym-bilimde öňe gitmäge ruhlandyrýan güýçdür.
Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşlarynda öňe süren parasatly pikirleri we ýaşlara bildirýän belent ynamy talyplarda uly täsir galdyrdy. Milli Liderimiziň ýaş nesle berýän gymmatly öwüt-ündewleri bilim almaga, yhlasly zähmet çekmäge, Watana ak ýürekden hyzmat etmäge we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap bilim ojaklary we amatly şertler Türkmenistanyň bagtyýar geljeginiň berk binýadynyň tutulýandygyny aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän watançylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ýaş nesiller üçin geçmişimiziň şöhratly taryhyny, häzirki döwrüň beýik üstünliklerini we nurana geljegimizi pugta birikdirýän egsilmez terbiýe mekdebi bolup durýar.
Umumy sapakda türkmençilik däp-dessurlaryna, maşgala mukaddesligine, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýetine aýratyn üns berilmeginiň möhümdigi aýdyldy. Bu babatda pederlerimizden miras galan atalar sözleri, nakyllar, tymsallar, hüwdüler ägirt uly terbiýeçilik güýjüne eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsany kämillige ýetirýän ylym hem-de bilimdir» diýen pähimi biziň her birimiz üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr. Watançylyk sapagy ýaşlary watansöýüji, zähmetsöýer, arassa ahlakly, milli ýörelgelere wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmek üçin has-da jogapkärçilikli işlemäge borçlandyrdy.
Ýaş nesliň bagtyýar, abadan geljegi üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Güljemal GURBANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








