Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda 3-nji tapgyryň duşuşyklarynda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Tottenhamy” 3-1 hasabynda utmagy başardy. “Liwerpula” ýeňiş getiren gollary Mak Allister (21), onuň pasy bilen Gakpo (54) hem-de Gakponyň pasy bilenem Soboslai (90+1) geçirdi. “Tottenham” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 69-njy minutda Gallaher öz adyna ýazdyrdy. Bu “Tottenhamyň” ähli ýaryşlary hasaba alanyňda şu möwsümde geçiren ilkinji goly boldy.
“Arsenal” bolsa myhmançylykda “Ipswiç Tawn” toparyny 4-2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 1/8 finala çykmagy başardy. Londonlylaryň gollarynyň 2-sini Maks Dowmen (7, 47), beýlekileri bolsa Madueke (16) bilen Merino (58) geçirdi. “Ipswiç Tawn” toparyndan Mehmeti (62) bilen Akpomyň (90+1) gollary ýeňşe ýetmedi.
London derbisinde “Fulham” geçen möwsüm 2-nji liga düşen “West Ham” bilen myhmançylykda duşuşdy. 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Fulham” ýaryşy dowam eder (Muniz 13, Palasios 37, Bobb 78 – Morato 16, Pablo 45+2).
Şeýle-de, “Brentford” myhmançylykda “Redingi” 2-1 ýeňdi. 3-nji liganyň 2 wekiliniň – “Peterboro Ýunaýted” bilen “Barnsli” arasyndaky oýnuň esasy wagty 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy. Penaltileriň netijesinde “Peterboro Ýunaýted” 7:6 hasabynda utdy.
PDF








