18-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisi öz işine başlady. Oňa Ekwadoryň ozalky daşary işler ministri Mariýa Fernanda Espinosa başlyklyk edýär. Ol nobatdaky mejlisiň açylyşynda eden çykyşynda özüniň başlyklygynyň dowamynda, esasan, migrasiýa, daşky gurşawy goramak, maýyplaryň hukuklary, gender deňligi we durnukly ösüşi tizleşdirmek ýaly meselelere aýratyn ünsüň gönükdiriljekdigini mälim etdi. BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş bolsa, mejlisiň açylyşynda eden çykyşynda bu ugurdaky tagallalary goldap, dünýä liderlerini hyzmatdaşlyga çagyrdy. Şeýle-de ol mejlisiň dowamynda parahatçylygy berkitmek, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda gün tertibini doly möçberli amala aşyrmak, jemgyýetde ýaşlaryň ornuny berkitmek, garyplygy aradan aýyrmakda gyssagly çäreleri amala aşyrmak we beýlekiler babatda wajyp meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny nygtady.
Şeýle hem 21-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Baş sekretar Antonio Guterreş parahatçylyk jaňyny kakdy. Şondan soň, her ýyl bellenip geçilýän Halkara parahatçylyk gününi baýram etmek dabarasy başlandy. Bu dabara her ýylyň 21-nji sentýabrynda bellenip geçilip, bu ýylkysy adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynyň ýetmiş ýyllygyna bagyşlanýar. Mahlasy, 1954-nji ýylda 60 ýurduň çagalarynyň ýygnan şaýylyklaryndan guýlup ýasalan parahatçylyk jaňy Ýaponiýa tarapyndan BMG-ä gowşurylyp, şu günki güne çenli ulanylýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň öňüsyrasynda Sloweniýanyň ozalky mejlisiniň başlygy Miroslaw Laýçak öz estafeta çekijini ekwadorly mirasgäri Mariýa Espinosa berdi.
Başlygyň çekiji – BMG-niň resmi ýygnaklarynyň aýrylmaz nyşanydyr. Çekijiň urgusy maslahatyň başlanandygy hem-de onuň tamamlanandygy, gün tertibiniň makullanandygy, wezipeli şahsyň saýlanandygy we jarnamanyň kabul edilendigi hakda habar berýär. Şeýle hem ol ümsümligi saklamagyň möhümdigini hem ýatladýar. Ştab-kwartiranyň dürli-dürli maslahat zallarynda ülňülere laýyk uly bolmadyk agaç çekiçleri bar. Ýöne Baş Assambleýanyň çekiji uly bolup, goňur-gyzyl reňklidir. Ilkinji gezek häzirki zaman parlamentiniň düýbi 930-njy ýylda Islandiýada tutulýar. Şeýle hem island demokratiýasy iň gadymy halk häkimiýeti hasaplanýar. Şoňa görä, XX asyryň ortalarynda islandlar “dünýä parlamentinde”, ýagny BMG-de başlyklyk edýäniň elinde hut, island çekijiniň bolmagyny zerur hasaplapdyrlar. 1952-nji ýylda Nýu-Ýorkda Ist-Riweriň kenarynda BMG-niň täze ştab-kwartirasy açylanda, bu waka mynasybetli Islandiýa Baş Assambleýa başlygyň çekijini gowşurýar. Ýöne bu çekiç 1960-njy ýylda döwlenden soňra islandiýaly ökde neçjar edil ozalkysy ýaly armyt agajyndan ikinji çekiji ýasap berýär. Çekijiň ýüzünde island we latyn dillerinde X asyra degişli island rowaýatlaryndan alnan “Jemgyýet kanunlar esasynda gurulmalydyr” diýen jümle haşamlanyp ýazylypdyr.
Her ýylda geçirilýän umumy maslahat 25-nji sentýabrda başlap, 1-nji oktýabra çenli dowam edýär. Däbe görä mejlisi Braziliýa açdy we ondan soňra BMG-niň ştab-kwartirasynyň öz çäklerinde ýerleşýändigi üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp çykyş etdi. ABŞ-nyň Prezidentinden soňra öz nobatynda beýleki ýurtlaryň Prezidentleri BMG-niň belent münberinde çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky hökümet wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmagy, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. Mejlisde 84 ýurduň döwlet Baştutany hem-de 44 ýurduň hökümet başlygy Ýer togalagynyň iň iri halkara bileleşiginiň münberinde çykyş edýärler. Mazmuna baý gün tertibi durnukly ösüş, daşky gurşawyň özgerişi, parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary, saglygy goraýyş we gender deňligi ýaly halkara meseleleriniň giň gerimini öz içine alýar. 25-nji sentýabrda parahatçylygy berkitmäge bagyşlanan ýygnak geçirildi. 26-syna ýadro ýaragyny gadagan etmek boýunça hem-de inçekesele garşy göreş boýunça ýokary derejeli maslahat guraldy. Şeýle hem 27-nji sentýabrda ýokanç däl kesellere garşy göreş hem-de migrasiýa boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Umumy syýasy maslahatyň öňüsyrasynda 24-nji sentýabrda ösüşi maliýeleşdirmäge bagyşlanan maslahat geçirilip, oňa Prezidentler, Premýer-ministrler we ministrler, BMG-niň Baş sekretary, Halkara Pul Gaznasynyň ýolbaşçylary, hususy pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar.
Baş Assambleýanyň maksady
BMG-niň Baş Assambleýasy bu guramanyň baş maslahat beriji organydyr. Oňa gurama agza döwletleriň ählisiniň wekilleri girip, olaryň her biriniň ses bermäge hukugy bardyr. Parahatçylyk, howpsuzlyk, täze agzalary kabul etmek ýaly has möhüm meselelerde sesleriň üçden iki bölegi gerek bolýar. Baş Assambleýa parahatçylyk we howpsuzlyk, ösüş, garyplygy aradan aýyrmak, ýokanç kesellere garşy göreş, ýaragsyzlanmak, adam hukuklary, daşky gurşawy goramak ýaly meselelerde jogapkärçilik çekýän ýeke-täk köp ugurly organdyr.
1946-njy ýylda Baş Assambleýanyň düzüminde 51 döwlet bolan bolsa, häzir olaryň sany 193-e ýetdi. Geçen 70 ýylyň dowamynda Baş Assambleýa özüniň maslahat edýän meseleleriniň gerimini has-da giňeldip, häzirki wagtda sosial-ykdysady ösüş, terrorizme, parahorlyga, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, AIDS-a garşy göreş, zenanlary, çagalary, bosgunlary, migrantlary, maýyplary goramak, demokratiýanyň esasy ýörelgelerini çaltlaşdyrmak, daşky gurşawy özgertmek ýaly meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.
Her ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň ştab-kwartirasynyň uly zalyna onlarça dünýä lideri, belli syýasatçylar we hökümet derejesindäki wekiliýet jemlenýär. “Birleşen Milletler Guramasyny ähli adamlar üçin möhüm gurama öwreliň: parahat, adalatly we durnukly jemgyýet üçin global liderlik we umumy jogapkärçilik” 2018-nji ýylyň resmi şygary boldy.
Baş Assambleýanyň ilkinji mejlisi 1946-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda Londonda geçirilýär. Şonda Braziliýa ilkinji bolup, Baş Assambleýanyň münberinde çykyş edýär. Onuň taryhy şeýle: gurama ilki döredilende, hiç kim ilkinji bolup çykyş etmäge meýil bildirmändir. Şonda ilkinji bolup, braziliýalylar emele gelen ýagdaýy halas edipdirler. Olaryň wekili meýletinlik bilen münbere geçip, söz sözläpdir. Şondan bäri maslahatda ilkinji sözi Braziliýa bermek däp bolýar.
Kubanyň ady rowaýata öwrülen Lideri Fidel Kastronyň 1960-njy ýylda Baş Assambleýada eden çykyşy dört ýarym sagat dowam edipdir.
BMG-niň taryhyndan
Birleşen Milletler Guramasy 1945-nji ýylda esaslandyrylýar. Häzirki wagtda 193 döwlet bu guramanyň agzasydyr. BMG-niň wezipeleri we işleri onuň düzgünnamasynda beýan edilen maksatlarda we başlangyçlarda bellenendir. Bu gurama parahatçylyk we howpsuzlyk, howanyň özgermegi, durnukly ösüş, adam hukuklary, adatdan daşary ýagdaýlarda ynsanperwerlik ýardamlary, gender deňligi, azyk önümçiligi we beýleki ugurlar ýaly XXI asyrda adamzadyň öňünde duran möhüm meseleleriň çözgüt ýollaryny gözleýär.
BMG agza ýurtlaryň wekillerine Baş Assambleýada, Howpsuzlyk, Ykdysady we Sosial geňeşliklerde we beýleki düzümlerde, komitetlerde öz garaýyşlaryny beýan etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. BMG agza döwletleriň arasynda aragatnaşygy ýola goýup, gepleşikleri geçirmäge ýardam berýär. BMG-de dürli ýurtlar özara pikire gelip, ýüze çykan meseleler boýunça karar kabul edýärler.
BMG-niň müdiriýetiniň esasy wezipeli jogapkär adamy Baş sekretardyr. BMG 2015-nji ýylda özüniň 70 ýyllygyny belläp geçdi. Guramanyň “Birleşen Milletler” diýen ady D. Ruzwelt tarapyndan teklip edilip, 1942-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bäri ulanylýar. 1945-nji ýylda 50 ýurduň wekili San-Fransiskoda halkara guramasyny döretmek boýunça BMG-niň Düzgünnamasyny işläp düzmek üçin maslahat geçirýärler. Bu düzgünnama 50 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda 1945-nji ýylyň 26-njy iýunynda gol çekilýär. BMG 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabryndan bäri resmileşdirilip, her ýylyň 24-nji oktýabry “BMG-niň güni” hökmünde bellenip geçilýär.