ABŞ-nyň dünýä belli “Coca-Cola” kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli öz plastik gaplarynyň 100 göterimini gaýtadan işlejekdigini mälim etdi. Munuň üçin kompaniýa Gündogar Afrika ýurtlarynda plastmassany gaýtadan işlemegi we ikinji gezek ulanmagy niýet edinýär. Çünki “Coca-Cola” kompaniýasy birnäçe gezek jemgyýetçilik guramalary tarapyndan içgilerini gaplamak maksady bilen ulanylýan plastik gaplary üçin tankydy belliklere sezewar bolupdy. “The Guardian” neşiriniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da her ýylda öndürilýän 13 milliard plastik gaplaryň ýarysy gaýtadan işlenilýär.
Daşky gurşawy goraýjylar kompaniýadan plastik gaplary öndürmegi azaltmagy ýa-da bütinleý ondan ýüz öwürmegi talap edýärler. Ýöne kompaniýa başga bir çykalga tapdy. Kompaniýa Ugandada plastikany gaýtadan işleýän zawod açdy. Şunuň ýaly zawody Keniýada hem açmak meýilleşdirilýär. Çünki bu ýurtlar daşky gurşawy goramaga degişli kanunlaryny güýçlendirýär. Ugandada “fleks” atly gaýtadan işlenilen plastika uly meşhurlyga eýe. Ondan legen, bedre we beýleki öý hojalygyk harytlary öndürilýär.
Plastik gaplara girizilen çäklendirme
Mundan ozal Ýewropa komissiýasy bir gezek ulanylmaga niýetlenen plastik gaplary, şol sanda, tarelkalary, bulgurjyklary, çarşajyklary we beýlekileri Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda gadagan etmek teklibini öňe sürüpdi. Şunuň ýaly çäreleriň dünýä ummanynyň plastik gaplar bilen hapalanmak derejesini hem pese düşürmäge mümkinçilik berer diýlip çaklanylýar. Ýewrokomissiýa öz taslamasynda plastik gaplardan bütinleý ýüz öwürmegi teklip etmeýär. Diňe öndürijileri olary ýygnamakda we gaýtadan işlemekde borçly edýär. Şeýlelikde, 2025-nji ýylça çenli plastik gaplaryň 90 göterimini gaýtadan işlemek meýilleşdirilýär. Ýewrokomissiýanyň başlygynyň orunbasary Frans Timmermansyň aýtmagyna görä, Ýewropanyň töweregindäki deňizlerdäki ähli plastik zyňyndylaryň 70 göterimi plastik gaplardan ybarat bolup, indi olary has ekologik materiallardan edilen önümler bilen çalyşmaga mümkinçilik bar.