ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem-de Wekiller palatasynyň spikeri Maýk Jonson Ak Tamda öňdebaryjy emeli aň (EA) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler. Olar bu ugurda içerki gözegçiligi güýçlendirmegi göz öňünde tutýan «Öňdebaryjy super aň babatda jogapkärçilik boýunça bilelikdäki borçnamalar baradaky ylalaşyga» gol çekdiler. “The Hill” neşiriniň habar bermegine görä, bu resminama täze tehnologiýalary ösdürýänler üçin birnäçe meýletin borçnamalary belleýär.

Ak Tamda geçirilen duşuşyga «Nvidia» kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang, «OpenAI» kompaniýasynyň başlygy Greg Brokman, «Anthropic» kompaniýasynyň baş direktory Dario Amodeý, «Google» kompaniýasynyň baş direktory Sundar Piçai, «Meta» kompaniýasynyň baş direktory Mark Zukerberg we «xAI» kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask gatnaşdylar.

Prezident Donald Tramp bu ylalaşygy «Konstitusiýa ýaly» we «ahlak taýdan borçly edýän resminama» diýip atlandyryp, onuň pudak üçin öz-özüni kadalaşdyryş tarapyny öz içine alýandygyny belläp geçdi hem-de ähli düzgüni gözegçilikde saklap biljek ýörite komissiýany döretmek meselesine hem seredilýändigini aýtdy.

Maýk Jonson bu resminamanyň EA ulgamyndaky öndürijiler üçin meýletin borçnamalary kesgitleýändigini mälim etdi. Mark Zukerberg bolsa ylalaşygyň esasy maksadynyň adamlarda we müşderilerde tehnologiýanyň niýetlenen maksadyna laýyk işleýändigi baradaky ynamy berkitmekden ybaratdygyny nygtap, kompaniýalaryň ygtybarly içerki gözegçilik we düzgün bozulmalaryny ýüze çykarmak ulgamlaryny döretmäge borçly edilendigini belläp geçdi. Şeýle hem birnäçe derejede audit geçirmek meýilleşdirilýär.

Soňky ýyllarda emeli aň pudagy beýleki kompaniýalara garşy kiberhüjümleri we tehnologiýalaryň adamzat üçin mümkin bolan howplary sebäpli yzygiderli tankytlara sezewar bolýardy. Ýerine ýetirilen bu ylalaşyk hem hut şu dartgynly döwürde ýüze çykdy.