1–2-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2026) çäklerinde ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, maýa goýumlaryny çekmek, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerine garaldy.
Forumda Bütindünýä bankynyň Türkmenistan we Özbegistan boýunça uly ykdysatçysy Eskender Truşin ykdysady ösüşiň netijeliligini ýokarlandyrmak barada çykyş etdi. Onuň görkezen maglumatlaryna görä, 2010–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ortaça ýyllyk ösüş depgini 7,7 göterime deň bolup, ösüşiň takmynan 75 göterimi maýa goýumlarynyň hasabyna gazanylypdyr. Çykyşda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, ýaşlaryň we zenanlaryň iş bilen üpjünçiligini giňeltmegiň, hususy pudagy ösdürmegiň hem-de ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna maýa goýumlaryny çekmegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklary bölüminiň müdiri Atageldi Haljanow hem ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol tebigy gaz serişdeleriniň, amatly geografik ýerleşişiň we ýaş ilatyň ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, nebithimiýa senagatyny, dokma we azyk önümçiligini, gaýtadan dikeldilýän energiýany, sanly ykdysadyýeti, ulag-logistika ulgamlaryny ösdürmek hem-de hususy pudagyň gatnaşygyny artdyrmak möhüm ugurlar hökmünde görkezildi.
Kataryň erkin zolaklaryň edarasynyň Işewürligi ösdürmek boýunça direktory Saud Abdulla Al-Saadi bolsa Kataryň daşary ýurt maýadarlary üçin döredýän mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Çykyşda ýurduň ulag we logistika infrastrukturasynyň, erkin ykdysady zolaklarynyň, daşary ýurt maýadarlaryna hödürlenýän şertleriniň hem-de kärhanalary döretmek boýunça goldaw hyzmatlarynyň ähmiýeti beýan edildi.
Forumyň beýleki çykyşlarynda hem ykdysady durnuklylyk, önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri öňe sürüldi. Tanyşdyrylan maglumatlarda 2026-njy ýyl üçin Döwlet maýa goýum maksatnamasynyň çäklerinde 41,2 milliard manatdan gowrak maýa goýumynyň meýilleşdirilýändigi görkezildi. Şeýle hem halkara tejribesinden peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýum taslamalarynyň uzak möhletleýin ykdysady peýdasyny artdyrmak meselelerine üns berildi.
TIF 2026 halkara maýadarlaryň, döwlet edaralarynyň, maliýe guramalarynyň we işewür toparlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup çykyş edýär.
Aýsenem Orazmämmedowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








