Astana şäherinde emeli aň (EA) tehnologiýalarynyň kömegi bilen döredilen filmleriň iň uly halkara festiwaly – “Astana AI Film Festival” (AAIFF) tamamlandy.

Bäsleşige dünýäniň 125 ýurdundan jemi 8 müňden gowrak ýüzlenme gelip gowuşdy, olaryň arasyndan 25 sany iş jemleýji maksatnama üçin saýlanyp alyndy. Halkara eminler toparynyň bahalandyrmasyna görä, ýeňijiler iň gowy gahryman, iň gowy hekaýat, iň gowy wizual dil, iň gowy režissýora we iň gowy konsepsiýa ýaly bäş sany ýörite nominasiýada kesgitlenildi.

Iň gowy gahryman üçin baýraga gazagystanly Myrzahan Jumahanyň “Bu diňe bir degişmedi” atly komediýasy mynasyp boldy. Beýleki ugurlarda Hytaýdan, Italiýadan (iki nominasiýada) we ABŞ-dan bolan awtorlar ýeňiji boldylar.

1–3-nji oktýabr aralygynda geçen festiwalda bäsleşik maksatnamasyndan başga-da, awtorlaryň hem-de döredijilik pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewür duşuşyklar we panel gepleşikleri guraldy.