5-nji oktýabr — Bütindünýä mugallymlar güni. Bu aýratyn gün bilim ýolunda ýaş nesle ýol görkezýän, olaryň zehinini açmaga kömek edýän we geljege ynamyny artdyrýan mugallymlara hormat goýmak üçin bellenilýär. Mugallym diňe bir okuwça bilim öwredýän hünärmen bolman, eýsem onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmegine täsir edýän, kyn pursatlarda goldaw berýän we dogry ýoly görkezýän halypadyr. Ylym-bilime ymtylýan, öz maksadyna ynanýan we jemgyýete peýdaly şahsyýetleriň kemala gelmeginde mugallymyň goşandy örän uludyr. Isle lukman bol, isle isle uçarman, ähli kärdäki adamlary mugallymlar ýetişdirýär. Mugallymyň zähmeti diňe bir synp otagynda däl, eýsem tutuş jemgyýetiň geljeginde öz beýanyny tapýar. Şol sebäpli wezipesi, ýaşy… uly hem bolsa, bu käriň eýelerine ýüzlenilende, onuň adynyň yzyna hormat bilen “mugallym” sözi goşulyp aýdylýar.

Bütindünýä mugallymlar güni 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda bellenilýär. Bu sene 1966-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda ÝUNESKO bilen Halkara Zähmet Guramasynyň mugallymlaryň hukuklaryny, hünär derejesini, zähmet şertlerini we jemgyýetdäki ornuny kesgitleýän möhüm resminamany kabul etmegi bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, bu gün mugallymçylyk käriniň ähmiýetini dünýä derejesinde ýene bir gezek ýatladýar.

Mugallymyň berýän bilimi käwagt bir ömürlik ýol görkeziji bolýar. Onuň aýdýan sözi, beren maslahaty ýa-da okuwça bildiren ynamy ýyllar geçenden soň hem ýatda galyp bilýär. Şonuň üçin 5-nji oktýabr — mugallymlara diňe bir gutlag aýtmak däl, eýsem olaryň çäksiz zähmetine, sabyrlylygyna we ýaş nesliň geljegine goşýan bahasyna düşünmek üçin hem möhüm gündür. Her bir mugallymyň ýüreginde ýakýan bilim çyrasy ertirki günüň has ýagty bolmagyna hyzmat edýär.

Mähri Gurbanowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.