Ozal habar berşimiz ýaly, 7-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Tatar gyzy 2026” halkara bäsleşiginde özbegistanly Amina Mahmudowa ýeňiji bolupdy. 8-nji oktýabrda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňiji Amina Mahmudowa göçme täç, dürli sowgatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Zeekr 9X» awtoulagy gowşuryldy.

Täç ugrunda 12 sany gyz bäsleşdi. Bäsleşigiň maksatnamasy ene diliňi, taryhyňy we däp-dessurlaryňy bilmek boýunça synaglary, şeýle hem aýdym aýtmak, tans etmek ýaly döredijilik bäsleşiklerini öz içine aldy.

Mahmudowa ýeňiji bolandygy yglan edilende, «Iň uly minnetdarlygym — ene-atama. Meniň her bir ýeňşimiň aňyrsynda olaryň söýgüsi, terbiýesi we maňa bolan ynamy durandyr. Bu ýeňiş diňe bir maňa däl, eýsem olara-da degişlidir» diýip öz duýgularyny beýan etdi.

Batyr Zakirow adyndaky milli estrada sungaty institutynyň talyby Amina Mahmudowa aýdymçy hünärini özleşdirýär we wokal mugallymy bolup işleýär.

Baş baýrakdan başga-da, ýörite ugurlar boýunça hem ýeňijiler kesgitlendi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyry ilkinji gezek ýurdumyzda geçirildi. Çäräniň jemleýji tapgyry geçen ýylky ýeňijiniň wekilçilik edýän ýurdunda ýa-da sebitinde geçirilýär. 2025-nji ýylda bu baýraga ildeşimiz – Daşoguz şäherinden Alsu Rafikowa mynasyp bolupdy.