Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, ýaş nesle döwrebap bilim bermek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri, öňdebaryjy tejribeleri hem-de täze tehnologiýalary giňden tanyşdyrmakda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu halkara çäre dürli ýurtlaryň ugurdaş düzümleriniň, kompaniýalarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň wekillerini bir ýere jemleýär. Sergide häzirki zaman lukmançylyk enjamlary, derman serişdeleri, saglygy goraýyşda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, bilim ulgamynyň döwrebap çözgütleri, şeýle hem sport pudagynyň ösüşine degişli täzelikler görkezilýär.
Halkara sergi diňe bir gazanylan üstünlikleriň giňişleýin görkezilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tejribe alyşmagyň we täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyň netijeli meýdançasydyr. Daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagy dünýä tejribesiniň iň täze gazananlary bilen tanyşmaga, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge we geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Sergi bilen utgaşykly geçirilýän ylmy maslahat hem aýratyn ähmiýete eýedir. Onda saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm meseleleri, lukmançylyk ylmynyň täze gazananlary, keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň döwrebap usullary, sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylýar. Hünärmenleriň ylmy çykyşlary we tejribe alyşmalary täze başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.
Saglyk, bilim we sport biri-biri bilen berk baglanyşykly ugurlardyr. Sagdyn, bilimli, giň dünýägaraýyşly we berk bedenli nesli kemala getirmek jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, bu ugurlary bir bitewi halkara çäräniň çäklerinde jemlemek aýratyn many-mazmuna eýedir.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň bu ulgamlarda gazanýan üstünliklerini dünýä ýaýmak, halkara tejribesini öwrenmek hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Bu çäre ynsan saglygyny, ylym-bilimi we sporty jemgyýetiň ösüşiniň esasy gymmatlyklary hökmünde dabaralandyrýan ähmiýetli halkara meýdança bolup çykyş edýär.
Aýgül ESENOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








