Hytaýyň paýtagty Pekinde geçirilen “Hytaý Açyk” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasynda hytaýly Çžen Sinwen ýeňiji boldy. Ol 1 sagat 43 minutlap dowam eden finalda russiýaly Mirra Andreýewany 2 setde 7:5 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň “WTA 1000” ýaryşyndaky ilkinji, karýerasy boýunça 6-njy çempionlygydyr.
Şeýlelikde, 8-nji oktýabrda 24 ýaşyny dolduran Çžen Sinwen “Hytaý Açykda” çempionlyk gazanan ilkinji hytaýly tennisçi boldy. Pariž 2024 Olimpiýa oýunlarynyň çempion Çžen Sinwen bu ýaryşa ýörite çakylyk bilen gatnaşyp çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Galyberse-de, Çžen Sinwen watandaşy Çen Liden (1996) bäri “Hytaý Açykda” finala çykan ilkinji hytaýly tennisçi boldy.
Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 9 million 415 müň dollara deň bolup, 2 ýyldan soň ilkinji kubogyny asmana göteren Çžen Sinwen çempion hökmünde 1 million 151 müň dollarlyk pul baýragyna laýyk görüldi.
PDF








