Ispaniýanyň çempionatynda ähli oýunda ýeňiş gazanyp gelýän “Barselonanyň” şemaly belentden öwüsmegini dowam edýär. 20 günlük arakesmeden soň katalonlar ýeňiş gazanmagyny dowam edip, Hansi Fligiň şägirtleri öz meýdançasynda “Hetafeni” Gordonyň (2), Žesusyň (30) hem-de Kundeniň (73) gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi.

“Real Madrid” öz meýdançasynda “Wilýarrealy” täze transferi Diomandeniň 62-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy. Duşuşykda 52-nji minutda oýna girip, 72-nji minutda tapawutlanan Winisius Žunioryň hem goly hasaba alynmady, hem-de emin oňa 73-nji minutda gyzyl kart görkezdi.
Öňdäki orunlara ymtylýan “Betis” Iskonyň 2 gol geçiren oýnunda “Osasunany” 5-2 hasabynda ýeňdi.
Madridiň “Atletikosy” myhmançylykda “Alawesi” goragçylary Grimaldonyň hem-de Romeronyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Malaga – Espanýol: 1-1 (Ninio 90+3 – Saragosa 13),
Alawes – Atletiko: 1-2 (Boýe 45+6 p – Grimaldo 33, Romero 87),
Barselona – Hetafe: 3-0 (Gordon 2, Žesus 30, Kunde 73),
Real Madrid – Wilýarreal: 1-0 (Diomande 62),
Real Sosiedad – Deportiwo: 3-2 (Martin 29, Zaharian 34, Gedeş 54 – Soriano 61, Hernandes 69 p),
Betis – Osasuna: 5-2 (Isko 10 p, 67, Ezzalzuli 31, Budimir 48 ö.d., Morante 90+6 – Budimir 51, Raul de Aro 56),
Rasing – Walensiýa: 2-2 (Zabiri 32, Martin 47 – Raba 2, Otorbi 65),
Lewante – Sewilýa (şu gije)
Raýo Wallekano – Atletik (soňa goýuldy)
PDF








