Italiýanyň paýtagty Rimde geçen taryhy duşuşykda ýerli “Roma” öňki tälimçisi Žoze Mourinionyň häzirki kluby “Real Madridi” kabul etdi. 20-nji minutda niderland futbolçy De Roonyň owadan goly bilen öňe saýlanan rimlilere 25-nji minutda Kilian Mbappe jogap berdi. Fransiýaly futbolçy 100-nji duşuşygynda 72-nji goluny geçirip, iň köp geçirenleriň sanawynda Raul Gonzalesi yzda galdyrdy. Mbappe Ronaldodyr Messiden, Lewandowski hem-de Benzemadan soň 5-nji orunda barýar. Mbappe UÇL-de 100 duşuşykda meýdança çykan iň ýaş futbolçy rekordyny Lionel Messiden almagy başardy. Mbappe 100 duşuşyk geçiren 57-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Arda Güleriň asistleri

“Roma”–“Real Madrid” duşuşygynyň 2-nji ýarymy başgaça boldy. 51-57-nji minutlarda “Romanyň” başga bir niderland oýunçysy, ýyldyz hüjümçi Donýel Malen 2 gol geçirip, italýan toparyny 3-1 hasabynda öňe saýlady. Ýöne 60-njy minutda oýna giren Arda Güler bilen Endrik duşuşygyň ykbalyny üýtgetdi. 80-nji minutdan soň Arda Güleriň 3 gezek burçdan ýerine ýetiren urgusyndan soň gol boldy. 82-nji minutda Karlos Espi, 85-nji minutda Endrik, 90-njy minutda-da ozalky toparyny gynandyran Rüdiger tapawutlanyp, “Reala” taryhy kembek bilen ýeňiş getirdi. Espiniň goly Endrigiň, soňky gol bolsa Arda Güleriň asisti bilen derwezä girizildi.