Güýz paslynyň gelmegi bilen demirgazyk ýurtlarda demirgazyk şapagy (demirgazyk ýagtylygy, aurora) peýda bolup başlady. Finlýandiýanyň Laplandiýa sebitinde sözüň doly manysynda tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi surata düşürildi. Gijesine doýgun ýaşyl we gyzyl reňkli görnüşde peýda bolýan ýagtylygyň şekili yzygiderli üýtgäp durýar. Şol sebäpli onuň biri beýlekisine meňzemeýär. Ýagtylyk peýda bolandan soňra birnäçe sagatlap dowam edýär, emma onuň şekili yzygiderli üýtgäp durýar. Ýewropanyň beýleki ýerlerinde hem bu hadysanyň ýüze çykyp başlandygy mälim edildi.
Bu tebigy hadysa her ýylyň gyş aýlarynda demirgazyk polýusa ýakyn ýerlerde peýda bolýar. Ajaýyp tebigy täsinlige tomaşa etmek isleýänler gyş paslynyň golaýlamagy bilen Skandinaw ýurtlaryna gidýärler. «Aurora» iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu hadysa Günden gelýän şöhläniň Ýeriň ýokarky atmosferasyndaky gaz bilen galtaşmagy netijesinde emele gelýär.
Islam Abdlnebiýew,
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
PDF








