Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji ýo­lag­çy gat­na­wy ge­çen asy­ryň ba­şyn­da peý­da bol­an hem bol­sa, 1950-nji ýyl­lar­dan soň­ra ho­wa ýol­la­ry ar­ka­ly sy­ýa­hat ösüp baş­la­ýar. Köp ýyl­ bä­ri uçar önüm­çi­li­gin­de «Air­bus» bi­len «Boeing» öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýa­kyn­da «Air­bus A320» mo­de­li­ne de­giş­li uçar «Boeing 737»-den öňe ge­çip, ta­ryh­da iň köp sa­ty­lan we ön­dü­ri­len ýo­lag­çy uça­ry hökmünde yglan edildi. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji ge­zek 1988-nji ýyl­da ulan­ma­ga ber­len «Air­bus A 320» 1960-njy ýyl­lar­da ön­dü­ri­lip baş­la­nan «Boeing 737»-den öňe geç­di.
Il­ki­baş­da­ky «Boeing 737»-ler has in­siz bo­lup, ýo­lag­çy uça­ry ba­za­ryn­da uly orun eýe­le­di. Şon­dan has giç çy­kan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, «A320» se­ri­ýa­sy­na de­giş­li uçar­la­ryň sa­ny bäs­de­şin­den öňe geç­di. «Air­bus A320» hem-de «Boeing 737» se­ri­ýa­sy­na de­giş­li uçar­lar bü­tin dün­ýä­de gys­ga we or­ta ara­ly­ga gat­na­mak­da giň­den ula­nyl­ýar.
Iki kom­pa­ni­ýa­nyň umu­my ön­dü­ren uçar­la­ry­nyň sa­ny soň­ky bir ýyl­da bir-bi­ri­ne örän ýa­kyn bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ge­çen ýyl «Boeing» je­mi
1 müň 173 uçar sar­gyt al­dy, «Air­bus»-dan bol­sa, 889 uçar sar­gyt edi­lip­dir. «Air­bus» art­ýan is­le­gi ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin şu ýy­lyň iýu­nyn­da Fran­si­ýa­nyň Blan­ýak kom­mu­na­syn­da­ky za­wo­dyn­da tä­ze önüm­çi­lik kon­we­ýe­ri­ni işe gi­ri­z­di.

Güller Jumanyýazowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.