Mü­sür­de Su­es ka­na­ly­na ugur­daş de­mir ýo­luň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýo­ly Gy­zyl de­ňiz bi­len Or­ta­ýer deň­zi­niň ara­syn­da­ky ýük we ýo­lag­çy gat­na­wy­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Tas­la­ma­nyň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da uzyn­ly­gy 660 ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­jak ýol gur­lar. Bu ýol Gy­zyl deň­ziň ke­na­ryn­da­ky Aýn Soh­na por­ty bi­len ýur­duň tä­ze paý­tag­ty­nyň üs­tün­den ge­çip, Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Alek­sand­ri­ýa we Mar­sa Mat­ruh port­la­ry­ny bir­leş­di­rer.
Bu ugur umu­my uzyn­ly­gy 2 müň ki­lo­met­re ýet­jek we ýur­duň köp ýe­ri­ni öz içine al­jak has iri tas­la­ma­nyň il­kin­ji bö­le­gi bo­lar. Şeý­le­lik­de, ýurt­da ýo­ka­ry tiz­lik­li, elekt­rik­leş­di­ri­len de­mir ýo­l şa­ha­sy eme­le ge­ler.
Su­es ka­na­ly­na ugur­daş gu­rul­jak de­mir ýol suw ýo­lu­nyň or­nu­ny tu­tman, onuň üs­tü­ni ýe­ti­rer. Lo­gis­ti­ka kom­pa­ni­ýa­la­ry ýük­le­ri­ni Gy­zyl de­ňiz­dä­ki port­da dü­şü­rip, ot­ly bi­len Or­ta­ýer deň­zi­ne çen­li gys­ga wagt­da el­tip bi­ler­ler. Bu ugur do­ly işe gi­ri­zi­len­de, her ýyl­da 13-15 mil­li­on ton­na ýük da­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Bu ara­lyk 3 sa­gat tö­we­re­gi wagt­da ge­çi­ler. De­mir ýo­luň esa­sy inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny «Sie­mens Mo­bi­li­ty» kom­pa­ni­ýa­sy ýe­ri­ne ýe­ti­rer.

Aýsona Daňatarowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.