Şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde “Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmakda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.
Bu barada 23-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow hasabat berdi.
PDF








