Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli halkara sergi we maslahat geçiriler. Häzirki wagtda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu foruma daşary ýurt kompaniýalary, ýerli hususy kärhanalar, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary gatnaşarlar. Forumyň çäklerinde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk, senagat, energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ýol gurluşygynda dünýäniň döwrebap tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer. Bu barada 23-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 3-5-nji noýabrda geçiriljek çäräniň maksady – Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekden, şeýle hem halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
Sergide kompaniýalar gurluşyk we senagat pudaklarynda gazanylan iň täze tehnologiki çözgütleri we enjamlary görkezerler. Bu sergi kompaniýalaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, tejribe alyşmak hem-de täze işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.
PDF








