Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özbek diline terjime edilen eserleriniň sergisi bilen tanyşdy. Soňra “Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlary” bölüminde ýerleşdirilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerinde terjime edilen eserleri bilen, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen gyzyklandy. Kitaphana bilen tanyşlygynyň dowamynda ilçi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy bilen Özbegistan Respublikasynda gurulýan täze şäheriň 2027-nji ýylda açyljak täze kitaphanasynda Döwlet kitaphanasy bilen özbek dilindäki kitaplary alyşmak boýunça söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň, ýakynda özbek dilinde tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini habar berdi we ýakyn günlerde kitaphana sowgat berjekdigini mälim etdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Döwlet kitaphanasyna Göroglynyň poemasynyň özbek diline terjime edilen kitabyny sowgat berdi.

Çeşme: medeniyet.gov.tm