Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş muzeýinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wirjiniýa uniwersitetiniň doktory Daniýel Weýsiň we muzeýiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Onda muzeý işini kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, muzeý gymmatlyklaryny sanlylaşdyrmak dogrusynda çykyşlar edildi. Häzirki wagtda sanly ulgamyň ösen döwründe muzeý gymmatlyklaryny we olar baradaky maglumatlary sanlylaşdyrmagyň maksady, bu gymmatlyklary geljekki nesillere ýetirmekde, şeýle hem taryhy maglumat çeşmesi hökmünde ähmiýetiniň uludygy barada myhman öz çykyşlarynda belledi. Mundan başga-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeýlerinde sanly ulgam bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda tejribeler alşyldy.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








