29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Merkezi Aziýada agzybirligiň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine» atly temada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara forumyna gatnaşdy.
Forumyň esasy maksady sebitiň döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary parlamentler derejesinde goldamaga we parlamentara gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.
Parlamentara forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, forumyň ýokary derejede guralandygy üçin Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisine minnetdarlyk bildirdi hem-de Duşenbe duşuşygynyň sebitiň geljekki ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge, parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, durmuş-ykdysady ösüşlerde parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini alyşmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we yzygiderli goldawy netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentara forumy ýaly halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Merkezi Aziýa sebitiniň häzirki döwürde geosyýasy we ykdysady taýdan dünýäniň iň möhüm merkezleriniň birine öwrülip, ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, durnuklylygyň esasy kepili bolup durýandygyny, Türkmenistanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň parahatçylygy üpjün etmäge, ýurtlaryň arasynda dialogy ýola goýmaga, özara ynamy berkitmäge gönükdirilendigi nygtaldy.
Forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de sebitleýin ýaşlar forumlarynyň, ylmy maslahatlaryň we medeni, sport çäreleriň parahatçylygy, sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bellenildi.
Çeşme: mejlis.gov.tm