10. Del­fi­niň diş­le­ri. Del­fin­le­riň diş­le­ri So­lo­mon ada­la­ryn­da şol döw­rüň düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, bir­nä­çe ýüz­ýyl­yň do­wa­myn­da pul hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Hä­zir­ki gün­ler­de hem bu ada­nyň ýa­şaý­jy­la­ry ozal­dan ula­ny­lyp gel­ýän wal­ýu­ta – del­fin diş­le­ri­ne geç­mek ha­kyn­da gür­rüň ed­ýär­ler. Süý­dem­di­ri­ji­niň diş­le­ri­ne bu ada­da has ýo­ka­ry nyrh ke­sil­ýär.

9. Bel­ka de­ri­si. Ir dö­wür­ler­de de­ri söw­da alyş-çal­şy­gyn­da mö­hüm rol oý­nap­dyr. Or­ta asyr­lar­da bel­ka de­ri­si äh­li zat­dan gym­mat­ly ha­sap­la­nyp­dyr. Şo­nuň üçin hem ol Finl­ýan­di­ýa­da we Rus­si­ýa­da wal­ýu­ta­nyň hem­me­ler ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len gör­nü­şi ha­sap­la­nyp­dyr.

8. Duz. Ýüz­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da duz gym­mat­ly ha­ryt ha­sap­la­nyp­dyr. Ir­ki me­de­ni­ýe­tiň ke­ma­la gel­me­gin­de onuň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bo­lup, ol ba­ra­da bir­nä­çe di­ni eser­ler­de hem ýat­la­ny­lyp ge­çil­ýär. Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň, 2200-nji ýyl­da Hy­taý im­pe­ra­to­ry Ýuý ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek du­zy sal­gyt tö­le­gi­ne gi­ri­zip­dir. Ga­dy­my Rim­de es­ger­le­re gul­luk ha­ky­ny köp­lenç duz bi­len tö­läp­dir­ler.

7. Ga­ra burç. Ga­dy­my Gre­si­ýa­da ga­ra bur­çuň gyt­ly­gy onuň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na se­bäp bo­lup­dyr. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, V asyr­da west­got­la­ryň il­kin­ji şa­sy Ala­rih we gun­la­ryň baş­tu­ta­ny At­ti­la Ri­mi eýe­län­de, onuň ýa­şaý­jy­la­ryn­dan tö­leg hök­mün­de ga­ra bur­çuň uly muk­da­ry­ny ta­lap edip­dir. Or­ta asyr­lar­da ga­ra burç hem­me­ler ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len wal­ýu­ta bo­lup­dyr. XV asyr­da Ýew­ro­pa­da ga­ra bur­ça bo­lan is­leg has-da ar­typ, bu ýag­daý Uzak Gün­do­ga­ra ta­rap de­ňiz ýol­la­ry­nyň açyl­ma­gyn­da ägirt uly rol oý­nap­dyr. Ga­ra burç özü­niň ýo­ka­ry ba­ha­sy se­bäp­li “ga­ra al­tyn” ady­na eýe bo­lup­dyr we XIX asy­ra çen­li di­ňe bar­jam­ly adam­la­ryň eş­re­ti ha­sap­la­nyp­dyr.

6. Ba­lyk­gu­lak mon­ju­gy. Ame­ri­ka­nyň il­kin­ji wal­ýu­ta­sy mon­juk­lar bo­lup, esa­san, go­ýy gy­zyl we ak balykgulakdan we iki taraply moll­ýusk­dan dü­zü­len mon­juk ula­ny­lyp­dyr. Ýew­ro­pa­dan gö­çüp ge­len­ler XVI we XVII asy­ryň baş­la­ryn­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­nyň ke­nar­la­ry­na ba­ran­la­ryn­da, ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň moll­ýusk­dan dü­zü­len mon­juk­la­ra aý­ra­tyn çe­me­leş­ýän­dik­le­ri­ne hem-de ony mu­kad­des we gym­mat­ly zat ha­sap­la­ýan­dyk­la­ry­na dü­şü­nip ga­lyp­dyr­lar. Şeý­le­lik­de, moll­ýus­kdan edi­len mon­juk­la­ra res­mi wal­ýu­ta hök­mün­de ga­ra­lyp­dyr. Bir­nä­çe wagt­dan soň­ra, Ýew­ro­pa­nyň fab­rik­le­rin­de şeý­le mon­juk­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­li­şi ýo­la goý­lup­dyr. Ýö­ne 1663-nji ýyl­da ba­lyk­gu­lak mon­juk­la­ry Tä­ze Ang­li­ýa­nyň ara­la­şan ýer­le­rin­de pul do­la­ny­şy­gyn­dan aý­ry­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, olar Nýu-Ýork­da XVIII asy­ryň baş­la­ry­na çen­li tö­leg se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Ýew­ro­pa­nyň kä­bir kär­ha­na­la­ry bol­sa, ony 1900-nji ýyl­la­ra çen­li ön­dür­me­gi­ni do­wam et­di­rip­dir­ler.

5. Çaý. Çaý ýap­rak­la­ry gow­ru­lyp gu­ra­dy­lan­dan soň, gid­raw­lik bas­gyç ar­ka­ly ker­piç gör­nü­şi­ne ge­ti­ri­lip­dir. Çaý plit­ka­la­ry Ikin­ji ja­han ur­şu­na çen­li pul hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Şol dö­wür­ler­de ça­ýyň nyr­hy Azi­ýa­nyň köp se­bit­le­rin­de me­se-mä­lim ýo­kar­la­nyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da çaý plit­ka­sy­na Si­bi­riň we Ti­be­tiň en­çe­me se­bit­le­rin­de uly is­leg bil­di­ril­ýär. Çün­ki ol üs­gü­le­wü­gi we so­wuk­la­ma­ny be­jer­mek üçin ula­nyl­ýar. Ker­piç çaý­lar Hy­ta­ýyň, Mon­go­li­ýa­nyň, Ti­be­tiň we beý­le­ki Mer­ke­zi Azi­ýa se­bit­le­ri­niň ha­sap­la­şyk se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr.

4. Lä­heň daş­lar. De­gir­me­ne ça­lym ed­ýän or­ta­sy oýulan uly te­ge­lek daş­lar Ýap, Mik­ro­ne­zi­ýa ar­hi­pe­lag­la­ryn­da pul hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Da­şyň ga­dy­my­ly­gy­na, nä­çe ar­ka de­giş­li­li­gi­ne gö­rä ba­ha­sy bo­lup, ony pul hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar.

3. Far­for ba­lyk­gu­lak­lar. Far­for ba­lyk­gu­lak­lar ga­dy­my wal­ýu­ta­nyň iň il­kin­ji gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Olar ki­çi, ýe­ňil we mä­käm bo­lup­dyr, şo­nuň ýa­ly-da ola­ry galp­laş­dy­ryp bol­ma­ýan eken. Far­for ba­lyk­gu­lak­lar­dan ne­pis be­zeg­le­ri ýa­sap­dyr­lar. Il­kin­ji ge­zek şeý­le ba­lyk­gu­lak­lar Hy­taý­da alyş-ça­lyş se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp baş­lap­dyr. Soň­ra, wal­ýu­ta­nyň şeý­le gör­nü­şi Af­ri­ka­nyň, Arap ýa­rym ada­sy­nyň, Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň kä­bir ýer­le­rin­de giň­den ýaý­rap­dyr.

2. Peý­kam tyg­la­ry. Ga­dy­my wal­ýu­ta­nyň bu gör­nü­şi Ga­ra deň­ziň de­mir­ga­zyk bö­lek­le­rin­de ýü­ze çy­kyp­dyr. VII asy­ryň baş­la­ryn­da peý­kam tyg­la­ry hä­zir­ki za­man Uk­rai­na­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­nyň, De­mir­ga­zyk Kaw­ka­zyň we Rus­si­ýa­nyň bir bö­le­gi­ni öz içi­ne al­ýan Be­ýik Ski­fi­ýa­nyň giň çäk­le­rin­de pul hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Bü­rünç tyg­lar ga­dy­my şa­ýy­lyk­lar­dan has öň peý­da bo­lup, berk­li­gi, ýa­rag hök­mün­de ulan­mak müm­kin­çi­li­gi üçin oňa ýo­ka­ry ba­ha ke­si­lip­dir.

1. Py­çak­lar. Şeý­le hem ga­dy­my Hy­taý py­çak­la­ry wal­ýu­ta hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr. Ada­ty bol­ma­dyk bu wal­ýu­ta pul hök­mün­de mi­la­dy­dan 600 ýyl öň Hy­taý­da Çžou­nyň ha­ne­dan­ly­gy döw­rün­de il­kin­ji ge­zek ula­ny­lyp baş­la­nyp­dyr. Pul py­çak­la­ry­nyň ýü­zü­ne ha­şam­la­nyp ýa­zy­lan san­lar, adam at­la­ry, şo­nuň ýa­ly-da, go­çuň ýa-da ba­ly­gyň şe­kil­le­ri onuň hüm­me­ti­ni kes­git­läp­dir.