Ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär we dün­ýä döw­let­le­ri­niň, şol san­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň sag­lyk mer­kez­le­ri bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk al­nyp ba­ryl­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki aý­da hem Sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça XIII türk­men-ger­man fo­ru­my­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ryn­dan ugur alyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li he­ma­ýat-gol­da­wy esa­syn­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak ba­ba­tyn­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu ugur­da iri hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, dün­ýä ýurt­la­ry, aý­ra­tyn hem Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ýar we gi­ňel­dil­ýär. Hu­su­san-da, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de 2011 — 2026-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Ger­ma­ni­ýa­da we Türk­me­nis­tan­da sag­ly­gy go­ra­ýyş bo­ýun­ça köp san­ly fo­rum­lar ge­çi­ril­di hem-de olar­da iki ýur­duň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na de­giş­li wa­jyp me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Dost­luk­ly ýurt­la­ryň ara­syn­da bu ugur­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, no­bat­da­ky fo­ru­my Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra okuw-yl­my mer­ke­zin­de san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çir­mek hem-de on­da pe­di­at­ri­ýa­nyň, on­ko­lo­gi­ýa­nyň, rew­ma­to­lo­gi­ýa­nyň we neý­ro­hi­rur­gi­ýa­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Fo­ru­myň işi­ne Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Fe­de­ral Sag­ly­gy go­ra­ýyş mi­nistr­li­gi­niň we öň­de­ba­ry­jy kli­ni­ka­la­ry­nyň pro­fes­sor­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň luk­man­la­ry­nyň, My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­mak­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär.
31-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Mäm­me­dow fo­ru­my ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.