5-nji noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 10-njy noýabra çenli dowam etjek Hytaýyň 9-njy Halkara import sergisi (CIIE 2026) öz işine başlady. Türkmenistan sergide Milli pawilýony bilen çykyş edýär. Milli pawilýonyň esasy guramaçysy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we «Oguz Forum we Ekspo» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikdäki guramaçylygynda taýýarlandy.
Türkmenistanyň Milli pawilýony Milli sergi we maslahat merkeziniň 5.2-nji zalynda, Ýurtlar sergisiniň çäginde ýerleşýär we zalyň iň bir abraýly hem amatly ýerleriniň birinde myhmanlary kabul edýär. 132 inedördül metr meýdany eýeleýän pawilýonda ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, senagat we eksport mümkinçilikleri, şeýle hem baý medeni mirasy görkezilýär.
Pawilýonda saglygy goraýyş, dokma senagaty, söwda, senagat, himiýa senagaty, energetika, aragatnaşyk, transport we logistika, nebit we gaz, medeniýet, azyk we oba hojalygy pudaklary boýunça döwlet edaralary, kärhanalar we hususy telekeçiler öz önümlerini, hyzmatlaryny we maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrýarlar.
Pawilýonyň merkezinde türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen ussatlygynyň we medeni mirasynyň nyşany bolan türkmen halylary görkezilýär.
Hytaýyň Halkara import sergisi importa bagyşlanan ilkinji döwlet derejesindäki sergi bolup, 2018-nji ýyldan bäri her ýyl Şanhaý şäherinde geçirilýär. Sergini Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi we Şanhaý şäheriniň Halk hökümeti guraýar. Ol halkara söwda, maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygy üçin iri halkara meýdançalaryň biri hökmünde giňden tanalýar.
2025-nji ýylda geçirilen 8-nji sergä 150-den gowrak ýurduň we sebitiň wekilleri, 4 108 daşary ýurt kompaniýasy gatnaşdy, 460 müňden gowrak zyýaratçy hasaba alyndy, gol çekilen ilkinji ylalaşyklaryň möçberi bolsa 83,49 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Sergä gatnaşmak türkmen önümleriniň hytaý bazaryna çykmagyna, eksportyň giňelmegine, täze hyzmatdaşlary we maýadarlary çekmäge, şeýle hem Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam eder.