
Soňky ýyllarda telim gezek duşuşan “Leipsig” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky bu saparky oýun örän çekeleşikli geçdi. Oýunda “Mançester Siti” 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Lukebanyň 37-nji minutda öz derwezesinden geçiren goluna “Leipsig” topary Bakunyň 49-njy minutdaky goly bilen jogap berdi. Enzo Fernandes iňlisleri 2-nji gezek öňe saýlasa-da, 61-nji minutda Nusa hasaby deňledi. Ýöne Erling Holannyň 78-nji minutda geçiren goluna “Leipsig” jogap berip bilmedi.
Pragada “Slawiýanyň” myhmany bolan “Arsenal” Çehiýanyň paýtagtyndan 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolandy. Londonlylara ýeňiş getiren gollary 9-njy minutda Madueke bilen 38-nji minutda Gýokereş geçirdi. Çehlerde Nowakyň 90-njy minutdaky goly ýeňşe ýetmedi. “Arsenalyň” ýeňlişsiz ýörişi dowam edýär. Çempionlar Ligasynda soňky gezek 2008-nji ýylda ýeňiş gazanan “Slawiýa Praga” 22 oýundan bäri üstün çykmak başardanok.
Portugaliýada “Porto” bilen “Napoli duşuşyp, ýer eýeleri 4-1 hasabynda üstün çykdy. Şu möwsümde ilkinji ýeňşini gazanan “Porto” topary 11-nji minutda Bednaregiň goly bilen öňe geçdi. 43-nji minutda MakTomineý hasaby deňledi. Ýöne 2-nji ýarymda soňky 20 minutda has erjel oýun görkezen portugallar yzly-yzyna 3 gol geçirip, 71-nji minutda Weiganyň, 80-nji minutda Kwioryň hem-de 90-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Agehowanyň gollary esasynda ýeňiş gazandy.
Dortmundda ýerli “Borussiýa” bilen Ispaniýanyň “Betis” topary duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda nemes kluby 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda dortmundlylaryň gollary Fabio Silwa (49) bilen Karetsas (72) geçirse, myhmanlardan Ruibal (67) tapawutlandy. Bu olaryň 4-nji tapgyrdaky 3-nji ýeňşi boldy. “Betis” topary ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Belgiýanyň çempiony “Klub Brýugge” myhmançylykda ýeňiş gazanmagyny dowam edýär. “Interden” soň Niderlandlaryň PSW toparyny-da 2-1 hasabynda ýeňen Belgiýanyň wekiliniň gollaryny Tresoldi bilen Forbs geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini 54-nji minutda Sano öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňişden soň “Klub Brýuggeniň” utugy 9-a ýetdi.
Debýutantlaryň duşuşygy
Ýaryşyň 2 debýutant topary “Wiking” bilen “Sabahyň” arasyndaky oýunda ýer eýeleri 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Norwegiýanyň çempionyna taryhyndaky ilkinji 3 utugy gazandyran gollaryň 2-sini 27-nji hem-de 90+4-nji minutlarda Butheým, beýlekileri 69-njy minutda Tripiç bilen 81-nji minutda Falkener öz atlaryna ýazdyrdylar. Duşuşykda öňe geçen “Sabah” toparynyň adyndan bolsa 11-nji minutda Mbina tapawutlandy
PDF







