Mundan 7 ýyl öň Italiýanyň 4-nji ligasy “Serie D”-de çykyş eden we 3 möwsümden bäri-de “Serie A” wekilçilik edip gelýän “Komo” topary ilkinji gezek gatnaşýan Çempionlar Ligasynda taryhy ýeňişler gazanmagyny dowam etdirýär.

Öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtediň” derwezesinden 4 gol geçiren “Komo” bu tapgyrda Çempionlar Ligasynyň iň uly tapawutly ýeňşini gazandy. Fransiýanyň “Lans” topary bilen myhmançylykda duşuşan Sesk Fabregasyň tälimçiligindäki “Komo” topary garşydaşyny 9-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1-nji ýarymda 3, 2-nji ýarymda-da 6 gol geçiren “Komonyň” gollarynyň üçden birini Duwikas öz adyna ýazdyrdy. Ýagny gresiýaly hüjümçi oýnuň 7-nji, 32-nji hem-de 57-nji minutlarynda tapawutlanyp, het-trik etmegi başardy. Italýan klubunyň beýleki gollaryny 40-njy minutda Niko Paz, 47-nji minutda Da Kunýa, 53-nji minutda Kempf, 62-nji minutda Liberali, 69-njy minutda Baturina hem-de 90+1-nji minutda Papaççoli derwezä girizdiler. Fransuz klubunyň ýeke-täk pökgüsini bolsa 61-nji minutda Agilar geçirdi.

Şeýlelikde, “Komo” topary Çempionlar Ligasynda toparçalaýyn hem-de liga tapgyryndaky iň uly aratapawutly ýeňiş gazanan 3 toparyň biri boldy. “Komodan” öň “Liwerpul” “Beşiktaşy” (2007), “Real Madrid” bolsa “Malmöni” (2015) 8-0 hasabynda ýeňipdi.

Şeýle-de, “Komo” topary Bawariýadan soň bu ýaryşda 9 gol geçiren 2-nji klub boldy. “Bawariýa” 2024-nji ýylda “Dinamo Zagrebi” 9-2 hasabynda ýeňipdi. “Komo” toparynyň şu möwsümdäki gollarynyň sany 19-a ýetip, olar bu görkeziji boýunça PSŽ-den soň 2-nji orny eýeleýär.