Hy­taý Gü­nor­ta pol­ýus­da sy­ýa­hat­çy­la­ry we bar­lag ge­çi­ri­ji­ler to­pa­ry­ny yzy­gi­der­li ka­bul et­mä­ge ukyp­ly il­kin­ji ae­ro­por­tu­ny gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da yl­my ne­şir “Ke­ji Ri­bao” ha­bar ber­ýär. Ho­wa men­zi­li­niň inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň uçuş-go­nuş zo­la­gyn­dan we ho­wa ter­mi­na­lyn­dan yba­rat bol­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär. Ae­ro­port An­tark­ti­da­nyň üst­ki gat­la­gy­ny ört­ýän buz­lu­gyň üs­tün­de gur­lar. Mun­dan ozal, 2009-2010-njy ýyl­lar­da hy­taý hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan uçar­la­ryň gys­sag­ly gon­ma­gy we ýan­gyç dol­dur­ma­gy üçin ni­ýet­le­nen iki sa­ny uçuş-go­nuş zo­la­gy gur­lup­dy. Ola­ryň bi­ri HHR-iň “Kun­lun” An­tark­tik be­ke­din­den 3 ki­lo­metr gün­ba­tar­da ýer­leş­ýär.
Ae­ro­port gur­mak üçin wagt­la­ýyn gon­ma­ga ýar­dam ber­jek bir­nä­çe ýurt bi­len yla­laş­ma­ly bol­ýar. Hy­ta­ýyň uzak ara­ly­ga ulan­ma­ga me­ýil­leş­di­ril­ýän “Sýue­ýin 601” pol­ýar uça­ry teh­ni­ki hyz­mat­lar, ýan­gyç guý­mak üçin ýa-da ho­wa bu­la­şan ha­la­tyn­da go­nup, geç­me­li bol­ýar. Bu bol­sa, Hy­ta­ýyň dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry bi­len üp­jün­çi­lik kö­me­gini al­mak ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­me­li bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar. Hy­taýly alymlar An­tark­ti­da­ny 1984-nji ýyl­dan bä­ri öw­ren­ýär­ler. Onuň gü­nor­ta pol­ýu­syn­da “Çab­çen”, “Çžun­şan”, “Kun­lun” we “Taý­şan” ýa­ly dört be­ket bar. Hä­zir­ki wagt­da An­tark­ti­da­da dür­li ýurt­la­ryň 40 tö­we­re­gi uçuş-go­nuş zo­lak­ly ae­rod­ro­my bo­lup, olar di­ňe möw­süm­le­ýin iş­le­ýär­ler. Ýö­ne Hy­ta­ýyň me­ýil­leş­dir­ýän ae­ro­por­ty ýy­lyň äh­li pa­s­lyn­da he­re­ket eder.