Hy­taý­da ug­le­ro­dyň dioksidi esa­syn­da, bio­lo­gik taý­dan dar­ga­ýan plas­ti­ka­nyň köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­ri­li­şi­ne gi­ri­şil­di. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Çançundaky amaly hi­mi­ýa ins­ti­tu­tyn­da ha­bar ber­di­ler. Kö­mür­tur­şy ga­zy ýy­la­dyş­ha­na ga­zy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de ol ar­zan ug­le­rod äti­ýaç­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ug­le­ro­dyň diok­si­di esa­syn­da bak­te­ri­ýa­lar ta­ra­pyn­dan dar­ga­dyl­ýan plas­ti­ka di­ňe bir eko­lo­gik howp­suz­ly­gy bi­len däl, eý­sem tyg­şyt­ly­ly­gy bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ins­ti­tu­tyň iş­gär­le­ri ug­le­ro­dyň di­ok­si­di esa­syn­da bio­lo­gik ma­te­ri­al­la­ryň bar­lag­la­ry­na 1997-nji ýyl­da baş­lap­dyr­lar.
– Ug­le­ro­dyň diok­sidi esa­syn­da bio­lo­gik taý­dan dar­ga­ýan ma­te­ri­al­la­ry dö­ret­me­giň na­za­ry taý­dan çyl­şy­rym­ly za­dy ýok, esa­sy kyn­çy­lyk ýo­ka­ry mo­le­kul­ýar ma­te­ri­al­la­ryň sin­te­zi­niň ýo­ka­ry ak­tiw ka­ta­li­za­to­ry­ny iş­läp düz­mek­den we özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­ny pe­selt­mek şert­le­rin­de ola­ryň hi­li­ni kä­mil­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr – di­ýip, ins­ti­tu­tyň uly yl­my iş­gä­ri Wan Sýan­hun aýt­dy.
Ins­ti­tu­tyň uly yl­my iş­gä­ri öz iş­deş­le­ri bi­len bir­lik­de, 2014-nji ýyl­da tä­ze ma­te­ria­ly dö­ret­me­giň teh­no­lo­gik pro­se­si­ni ama­la aşyr­dy. Hü­när­men­ler tä­ze iş­le­nip dü­zü­len dar­ga­ýan plas­tik üçin Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa we ABŞ ýa­ly ýurt­lar­dan pa­tent al­dy­lar. Tä­ze iş­le­nip dü­zü­len po­li­mer mun­dan bu ýa­na pa­ket­le­ri, gap­la­ýyş ma­te­ri­al­la­ry, şeý­le hem oba ho­ja­lyk üçin ni­ýet­le­nen plýon­ka­la­ry ön­dür­mek üçin ula­ny­lar.
Esa­san hem, Hy­ta­ýyň Oba ho­ja­lyk ylym­la­ry aka­de­mi­ýa­syn­da eý­ýäm, dört ýyl­dan bä­ri yzy­gi­der­li bio­lo­gik taý­dan dar­ga­ýan plýon­ka sy­nag­dan ge­çi­ril­ýär. Wan Sýan­hun bu önü­miň söw­da üs­tün­li­gi­ne ynan­ýar. – Eger-de, plas­ti­ka­nyň tä­ze gör­nü­şi­niň önüm­çi­li­gi ýyl­da 300 müň ton­na ýet­se, on­da onuň özü­ne düş­ýän gym­ma­ty ge­le­jek­de pe­se dü­şer – di­ýip ol aýt­dy.

Plas­tik gap­lar çäk­len­di­ri­ler
Daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi 2021-nji ýyl­dan baş­lap, Bi­le­le­şi­giň çäk­le­rin­de bir ge­ze­ge ni­ýet­le­nen plas­tik gap­la­ry ulan­ma­ga ga­da­gan­çy­lyk gi­riz­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu çäk­len­dir­me bir ge­zek­lik gap-gaç­la­ra, na­har­ha­na en­jam­la­ry­na, iç­gi­le­ri iç­mek üçin turba­jyk­la­ra, pag­ta­ly çöp­ja­gaz­la­ra we beý­le­ki­le­re gi­ri­zi­ler. Plas­tik gap­lar de­ňiz taş­lan­dy­la­ry­nyň 70 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýär. Sin­te­tik po­li­mer­ler­den edi­len zat­la­ryň çüýremek möh­le­ti 100 ýyl­dan gow­rak­dyr. Her ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­den Dün­ýä um­ma­ny­na 100 müň ton­na plas­tik ga­lyn­dy­la­ry taş­lan­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de di­ňe bir po­lie­ti­len pa­ke­tiň dar­ga­ma­gy üçin azyn­dan ýa­rym asyr­dan gow­rak wagt ge­rek. Ko­mi­te­tiň baş­lan­gy­jy 22-25-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len Ýew­ro­par­la­men­tiň umu­my mej­li­sin­de mä­lim edil­di. In­di Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi döw­let­le­rin­de mil­li de­re­je­de de­giş­li ka­nun iş­le­ýär.

Ki­çi­jik zat­dan baş­la­ma­ly
Mun­dan ozal grek ada­sy Si­ki­nos­da köp­den bä­ri ýer­li ekoul­ga­ma düýp­li ze­per ýe­tir­ýän plas­tik taş­lan­dy­la­ra ga­da­gan­çy­lyk gi­riz­mek ba­ra­da ka­ra­ra ge­lin­di. Bu iş­de az­dan baş­la­ma­ly di­ýen ne­ti­jä gel­nip, oza­ly bi­len, kok­teýl we so­wa­dy­lan iç­gi­le­ri iç­mek üçin ni­ýet­le­nen bir ge­zek ula­nyl­ýan turba­jyk­la­ra ga­da­gan­çy­lyk gi­ri­zil­di. Si­ki­no­syň hä­ki­mi­ýe­ti dynç alyş döw­rün­de ola­ryň has köp muk­dar­da ula­nyl­ýan­dy­gy­ny hem-de mu­nuň eko­lo­gi­ýa düýp­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. In­di köp san­ly ýer­li ka­fe­ler we gar­ba­nyş­ha­na­lar müş­de­ri­le­ri­ne ýa çüý­re­mä­ge ukyp­ly ma­te­ri­al­lar­dan edi­len ýa-da köp ge­zek ula­nyl­ýan turba­jyk­la­ry hö­dür­le­mä­ge borç­ly edi­ler.
– Gö­räý­mä­ge bu hiç hi­li howp aban­dyr­ma­ýan ju­da ki­çi­jik när­se. Em­ma bu beý­le däl. Ze­rur bo­lan ha­la­tyn­da biz ony di­ňe az sa­lym ulan­ýa­rys. Em­ma ol te­bi­gat­da ýüz­ler­çe ýyl­dan soň çüý­re­ýär. Üs­te­si­ne-de suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­lar dür­li reňk­li plas­tik ga­lyn­dy­la­ry iý­mit­dir öý­düp ýu­wud­ýar­lar we ne­ti­je­de zä­her­le­nip öl­ýär­ler. Olar aw­la­nan ba­lyk­lar ar­ka­ly ýe­ne-de bi­ziň özü­mi­ze gaý­dyp gel­ýär – di­ýip, işe­wür­ler aýd­ýar­lar.
Ha­sap­la­ma­la­ra gö­rä, di­ňe Gre­si­ýa­nyň özün­de her ýyl­da azyn­dan 8 müň ton­na plas­tik taş­lan­dy­la­ryň deň­ze düş­ýän­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, Si­ki­nos ada­sy­nyň hä­ki­mi­ýe­ti turbajyk­la­ry ka­nun­dan daş­ga­ry di­ýip yg­lan et­me­li di­ýen ka­ra­ra ge­len il­kin­ji se­bit bol­dy.
Şeý­le hem go­laý­da “Coca-Cola”, “Pep­siCo” we “Nest­le” kom­pa­ni­ýa­la­ry 2025-nji ýy­la çen­li öz­le­ri­niň ön­dür­ýän äh­li plas­tik gap­la­ry­nyň gaý­ta­dan iş­len­jek­digini mä­lim et­diler.