Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň ýar­da­my bi­len taý­ýar­la­nan tä­ze mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, Ýer to­ga­la­gy­nyň ýi­tip bar­ýan flo­ra­sy we fau­na­sy­nyň 1 müň 483 gör­nü­şi di­ňe belli çäk­ler­de jem­le­nip, ol ýer­le­riň ýa­ry­na go­la­ýy go­rag­syz­dyr. Mü­sür­de ge­çi­ri­len Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik bo­ýun­ça BMG-niň sam­mi­tin­de seý­rek duş gel­ýän ösüm­lik­le­riň we haý­wan­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni go­ra­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Ze­mi­niň dür­li gör­nüş­li ýa­şaý­şy­na bi­parh ga­ral­ma­ly däl­dir. Ösüm­lik­ler we jan­dar­lar nä­hi­li-de bol­sa, ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga ýar­dam be­rip, yn­sa­ny­ýe­tiň mad­dy hal-ýag­da­ýy­nyň çeş­me­si hök­mün­de hyz­mat ed­ýär. Şeý­le hem, soň­ky ýyl­lar­da bio­lo­gik köp­dür­lü­li­giň ýit­gi­si­niň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­dä­ki tiz dep­gin­le­ri gö­ze il­ýär. Bu ýag­daý mer­jen rif­le­rin­den baş­lap, gap­laň­la­ryň we guş­la­ryň seý­rek gör­nüş­le­ri­ni öz içi­ne alyp, hä­zir­ki wagt­da ösüm­lik­le­riň hem-de haý­wan­la­ryň köp gör­nüş­le­ri do­ly ýi­tip git­mek how­py bi­len ýüz­be-ýüz bo­lup dur­ýar.
– Is­len­dik ýi­tip ýok bol­mak how­py bi­len ýüz­be-ýüz dur­ýan ösüm­li­gi we jan­da­ry ha­las et­mek üçin, onuň ös­ýän we ýa­şa­ýan çäk­le­ri­ni go­ra­ma­ly, ýö­ne hä­zir­ki wagt­da şeý­le çäk­le­riň 43 gö­te­ri­mi döw­let de­re­je­sin­de go­ral­ma­ýar – di­ýip, “Bird­Li­fe In­ter­na­tio­nal” Hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň yl­my ko­or­di­na­to­ry Ian Ber­fil bel­läp geç­ýär.
Bu me­se­lä­niň çöz­güt ýol­la­ry­nyň bi­ri hem aý­ra­tyn “bio­köp­dür­lü­lik zo­la­gy­ny” dö­ret­mek­den yba­rat­dyr. Şeý­le ýag­daý ýi­tip, ýok bol­mak how­py bi­len ýüz­be-ýüz dur­an ösüm­lik­le­riň we jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan ýer­le­ri­ni go­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
– “Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik zo­la­gy” de­re­je­si ýer­li jem­gy­ýet­le­re köp ar­tyk­maç­lyk­la­ry be­rip, ol suw gor­la­ry­ny, ýer­li bio­köp­dür­lü­li­gi go­ra­ma­ga we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ni azalt­ma­ga se­bäp bo­lar – di­ýip, BMG-niň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça bi­ler­me­ni Er­sin Esen bel­läp geç­ýär.
Bio­lo­gik köp­dür­lü­lik ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa ag­za ýurt­la­ryň mas­la­ha­ty 17-29-njy no­ýabr ara­ly­gyn­da Şarm-el-Şeýh­de ge­çi­ril­di. Kon­wen­si­ýa ag­za ýurt­la­ryň bi­ler­men­le­ri 2011-2020-nji ýyl­la­ryň bio­köp­dür­lü­lik bo­ýun­ça stra­te­gik me­ýil­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da­ky ösüş­le­re ba­ha ber­ýär­ler. Te­bi­gy gor­la­ry go­ra­ma­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bio­lo­gik köp­dür­lü­lik ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa 1992-nji ýyl­da Rio-de-Ža­neý­ro­da ge­çi­ri­len daş­ky gur­şaw we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sam­mi­tin­de iş­le­nip dü­zü­lip, ony dün­ýä­niň 196 ýur­dy tas­syk­lap­dy.