Tu­tuş­ly­gy­na plas­ti­ka­dan edi­len dün­ýä­de il­kin­ji ýel­ken­li gä­mi ba­sym Ke­ni­ýa­nyň La­mu şä­he­rin­den Tan­za­ni­ýa­nyň Zan­zi­bar ada­sy­na ugur alar. Bu ba­ra­da BMG-niň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça we­kil­le­ri ha­bar ber­di­ler. Gä­mi ýol­da bir­nä­çe ge­zek sä­gi­nip, onuň ag­za­la­ry ýer­li ýa­şaý­jy­la­ra plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň daş­ky gur­şa­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny ba­ra­da gür­rüň be­rer­ler.
Uzyn­ly­gy 9 met­re deň bo­lan gä­mi­niň gur­lu­şy­gyn­da 10 ton­na plas­tik, şol san­da taş­la­nan şyp­byk­lar ula­nyl­dy. Gä­mä “Flip flops” diý­lip at da­ky­lyp, ol “şyp­byk” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ýel­ken­li gä­mi­niň us­sa­la­ry ke­ni­ýa­ly bo­lup, olar di­ňe bir de­ňiz­le­riň we um­man­la­ryň ha­pa­lan­ma­gy­nyň me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­män, eý­sem, plas­tik ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­läp, önüm­çi­lik­de ne­ti­je­li ula­nyp bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar.
Ge­çen ýyl­lar­da dün­ýä­de 9 mil­liard tö­we­re­gi plas­tik önüm­ler ön­dü­ri­lip, ola­ryň di­ňe 9 gö­te­ri­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ba­şar­dyp­dyr. Um­man­la­ra we de­ňiz­le­re dü­şen plas­tik ga­lyn­dy­lar de­ňiz ekoul­ga­my­na, ba­lyk se­na­ga­ty­na we yk­dy­sa­dy ösü­şe çyn­la­kaý howp bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry plas­tik pa­ket­le­ri we baş­ga-da bir ge­zek peý­da­la­nma­ga ni­ýet­le­nen plas­tik önüm­le­ri ulan­ma­gy çäk­len­dir­ýän we ga­da­gan ed­ýän ka­nun­la­ry ka­bul ed­ýär­ler.

Bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik
önüm­le­re ga­da­gan­lyk gi­ri­zi­ler
Ýew­ro­par­la­men­tiň we­kil­le­ri we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za döw­let­le­ri bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik önüm­le­riň ga­da­gan­çy­ly­gy bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Ola­ryň ara­syn­da iç­gi­le­ri iç­mä­ge ni­ýet­le­nen dür­li plas­tik gap­lar we tur­ba­jyk­lar aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da gu­tar­nyk­ly ga­da­gan­çy­lyk ýe­ne-de iki ýyl­dan gi­ri­zi­ler diý­lip, ga­ra­şyl­ýar. Mun­dan ozal, Ýew­ro­par­la­ment kä­bir plas­tik önüm­le­re ga­da­gan­çy­lyk gi­riz­mek ha­kyn­da­ky tek­li­bi ma­kul­lap­dy. Ýe­ri­ne baş­ga zat­la­ry ula­nyp bol­ýan kä­bir plas­tik gap­lar 2021-nji ýy­la çen­li ga­da­gan edi­ler. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­lar 2025-nji ýy­la çen­li ozal ula­ny­lan plas­tik gap­la­ry­nyň 90 gö­te­ri­mi­ni gaý­ta­dan iş­le­mä­ge, şeý­le hem, dür­li iç­gi­le­ri ön­dü­ri­ji­le­r bu işe ma­li­ýe ýar­da­my­ny ber­mä­ge borç­ly edi­ler. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy iý­mit üçin ni­ýet­le­nen plas­tik gap­la­ry we bul­gur­la­ry ulan­ma­gy azalt­ma­gy tek­lip ed­ýär.