Şweý­sa­ri­ýa­nyň Da­wos şä­he­rin­de 22-25-nji ýan­war ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň esa­sy mow­zu­gy dör­dün­ji se­na­gat öw­rü­li­şi­gi döw­rün­de glo­bal­laş­mak we öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri bo­lar. Şu wa­ka­nyň öňü­sy­ra­syn­da bu gu­ra­ma­nyň bi­ler­men­le­ri ýurt­la­ryň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy bo­ýun­ça reý­tin­giň çäk­le­rin­de ola­ryň “Biz­nes ösü­şi­niň di­na­mi­ka­sy” ba­ra­da sa­naw düz­dü­ler. Bar­la­g ge­çi­ri­len her bir ýur­da 100-e çen­li bal be­ril­di. Biz­ne­siň ösü­şi­ne bir­nä­çe öl­çeg­ler bo­ýun­ça, şol san­da, özü­ne düş­ýän gym­ma­ty­na, her bir ýurt­da tä­ze biz­ne­si aç­ma­gyň tiz­li­gi­ne, te­le­ke­çi­le­riň tö­wek­gel­çi­li­ge bo­lan gat­na­şy­gy­na, şeý­le hem, kom­pa­ni­ýa­la­ryň öň­de­ba­ry­jy ide­ýa­la­ry gol­da­ma­ga taý­ýar­ly­gy­na gö­rä, ba­ha be­ril­di. Aşak­da biz­ne­si has dep­gin­li ös­ýän 10 ýurt ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­ýä­ris.

Ir­lan­di­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 76,9. Ir­lan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk ge­lip, söw­da bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­na­gat pu­da­gy, hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­lyk bi­len or­nu­ny çal­şyp, ol mil­li gir­de­ji­niň 46%-ni düz­ýär, şeý­le hem, bu pu­dak eks­por­tuň 80%-ni we iş­çi güý­jü­niň 29%-ini eme­le ge­tir­ýär. Eks­port Ir­lan­di­ýa­nyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lup dur­ýar.

Nor­we­gi­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 77,0. Nor­we­gi­ýa De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa­da iri ne­bit-gaz çy­ka­ry­jy ýurt­dur. Gid­roe­ner­gi­ýa­sy ýur­duň ener­gi­ýa ze­rur­lyk­la­ry­nyň köp bö­le­gi­niň üs­tü­ni ýe­ti­rip, ne­bi­tiň uly bö­le­gi­ni eks­port et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ne­bit­den gel­ýän gir­de­ji ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy­na gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­duň çäk­le­rin­de uly mi­ne­ral gor­la­ry, şeý­le hem de­ňiz ar­ka­ly söw­da ed­ýän iri gä­mi­le­ri bar.

Finl­ýan­di­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 78,3. Finl­ýan­di­ýa se­na­ga­ty ösen ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär. Onuň dün­ýä önüm­çi­li­gin­dä­ki pa­ýy 0,4%-e, dün­ýä söw­da­syn­da bol­sa, 0,8%-e deň­dir. Mun­dan baş­ga-da, ýurt­da bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­ny ös­leş­dir­mek­dä­ki tiz­lik, şeý­le hem, biz­nes we işe­wür gur­şaw üçin ze­rur bo­lan ila­tyň ýo­ka­ry bi­lim de­re­je­si ýa­ly ýag­daý­lar aý­ra­tyn üns mer­ke­zin­de dur­ýar.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 79,0. Bri­ta­ni­ýa­nyň hyz­mat­lar ul­ga­my ýur­duň esa­sy yk­dy­sa­dy pu­da­gy bo­lup, içer­ki mil­li gir­de­ji­niň 75%-ni eýe­le­ýär. Lon­don dün­ýä­de iri ma­li­ýe mer­ke­zi hök­mün­de, Nýu-Ýork bi­len deň­dir we Ýew­ro­pa­da je­mi içer­ki gir­de­ji­si ýo­ka­ry bo­lan şä­her­dir. Edin­burg hem Ýew­ro­pa­nyň iri ma­li­ýe mer­kez­le­ri­niň bi­ri­dir. Ýur­duň bank ul­ga­my has-da ösen­dir.

Da­ni­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry 79,1. Bu ýurt ösü­şiň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne eýe bo­lan se­na­gat-ag­rar ýurt­dur. Mil­li gir­de­ji­de se­na­ga­tyň pa­ýy 40%-den gow­rak. Ýurt adam ba­şy­na düş­ýän da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy bo­ýun­ça dün­ýä­de bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Me­tal iş­läp çy­kar­mak, ma­şyn­gur­lu­şyk (esa­san elekt­ro­teh­ni­ka, ra­dioe­lekt­ro­ni­ka), azyk, hi­mi­ýa, sell­ýu­lo­za-ka­gyz se­na­ga­ty we dok­ma öň­de­ba­ry­jy pu­dak­lar bo­lup dur­ýar.

Ys­ra­ýyl

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 79,6. Ys­ra­ýyl Gü­nor­ta-Gün­ba­tar Azi­ýa­da yk­dy­sa­dy we se­na­gat taý­dan iň ösen ýurt­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ys­ra­ýyl dün­ýä­de ABŞ-dan soň­ra tä­ze dö­re­dil­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça ikin­ji ýer­de bo­lup, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň çäk­le­rin­den da­şar­da­ky NAS­DAQ kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­na­wyn­da has köp we­kil­ha­na­sy bar. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, Ys­ra­ýyl NAS­DAQ-yň sa­na­wyn­da ga­lan ýe­ke-täk Ýa­kyn Gün­do­gar ýur­du­dyr: Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň 98 kom­pa­ni­ýa­sy­nyň kö­pü­si­niň Ys­ra­ýyl­da­dy­gy ýat­la­nyp ge­çil­ýär.

Şwe­si­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 79,8. Şwe­si­ýa­nyň je­mi 50 sa­ny dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, ola­ryň ara­syn­da ABB, “At­las Copco”, “Orif­la­me”, “Sa­ab AB”, “Sa­ab Au­to­mo­bi­le AB”, “Scania”, “Volvo”, “Volvo Trucks”, “Ericsson”, TE­LE2, “AB Electro­lux”, “Tet­ra­Pak”, “Al­fa Laval”, SKF, H&M has öňe saý­lan­ýar. Ýurt­da ösen teh­no­lo­gi­ýa erk ed­ýän hü­när­men­ler iş­le­ýär. Ýur­duň içer­ki mil­li gir­de­ji­si­niň 60 gö­te­rim­den gow­ra­gy sal­gyt­lar­dan ge­lip, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk we ösüş gu­ra­ma­syn­da aý­ra­tyn rol oý­na­ýar.

Ni­der­land­lar

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 80,3. Bu ýurt yk­dy­sa­dy taý­dan has ösen­dir. Hyz­mat­lar içer­ki mil­li gir­de­ji­niň 73%-ini, se­na­gat we oba ho­ja­ly­gy 24%-ini, oba ho­ja­ly­gy we ba­lyk­çy­lyk 2,5%-ini eýe­le­ýär. Mö­hüm pu­dak­la­ryň ara­syn­da trans­port we ara­gat­na­şyk, karz-ma­li­ýe ul­ga­my, yl­my-bar­lag we tej­ri­be äh­mi­ýet­li iş­ler, bi­lim, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki­ler öňe saý­lan­ýar.

Ger­ma­ni­ýa

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 81,6. Se­na­gat we teh­no­lo­gik ugur­da dün­ýä li­de­ri bo­lup, eks­port we im­port bo­ýun­ça dün­ýä­de üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. Ger­ma­ni­ýa dur­muş de­re­je­si ýo­ka­ry, ösen ýurt­la­ryň bi­ri­dir. Ol so­si­al üp­jün­çi­lik, sag­ly­gy go­ra­ý­şyň köp ugur­ly ul­ga­my, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we tö­leg­siz ýo­ka­ry bi­lim ýa­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýar.

ABŞ

Bal­la­ry­nyň muk­da­ry: 86,5. Bir­le­şen Ştat­lar içer­ki mil­li gir­de­ji­si bo­ýun­ça öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Ýur­duň ila­ty di­ňe dün­ýä­niň 4,3%-ini eýe­le­ýän hem bol­sa, ame­ri­kan­la­ra dün­ýä­niň je­mi baý­ly­gy­nyň 40%-i düş­ýär. Bir­le­şen Ştat­lar so­si­al-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler, or­ta­ça aý­lyk ha­ky, adam ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji bo­ýun­ça öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de ýur­duň önüm­çi­lik pu­da­gy özü­niň ulu­ly­gy bo­ýun­ça dün­ýä­de ikin­ji or­ny eýe­le­ýär.