22-25-nji ýanwar aralygynda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde 49-njy Bütindünýä ykdysady forumy (The World Economic Forum) geçirildi. Bu gezekki çäräniň esasy mowzugy globallaşmak bolup, onda dördünji senagat öwrülişigi döwrüniň ykdysady ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasatçylardan we maýadarlardan ybarat 3 müňden gowrak myhmany bir ýere jemlän forumda dünýäniň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem ýurtlaryň ykdysady durnuklylygyny berkitmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň birinji gününiň işiniň baş mowzugy howanyň global derejede maýlamagyna we oňa garşy göreşmegiň usullaryna bagyşlandy. Forumyň çäklerinde çykyş eden Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru döwlet ýolbaşçysy wezipesinde işlän döwründe öz ýurdunyň biznes etmek üçin iň oňat mümkinçilikli 50 ýurduň sanawyna girjekdigini habar berdi. Ol ýurtda ykdysady ösüşe gönükdirilen özgerişlikleriň amala aşyrylyp, salgytlaryň azaldyljakdygyny mälim etdi.
Bütindünýä forumynyň ikinji gününiň esasy wakasy Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň çykyşy boldy. Ol köptaraplaýyn aragatnaşyklaryň ýörelgelerine wepalydygyny tassyklap, onuň diňe bir Ýewropa Bileleşiginde däl, eýsem, bütin dünýäde goldaw tapmalydygyny belläp geçdi. Şeýle hem Merkel Ýewropa Bileleşiginiň içindäki pikirdeşlerini tagallalaryny birikdirmäge çagyrdy. Kansleriň pikirine görä, diňe şeýle ýagdaýda Ýewropa Bileleşigi milli girdejisi ýokary bolan ABŞ we Hytaý ýaly ýurtlar bilen bäsleşip biler.
Bütindünýä forumynyň üçünji güni dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi, şu ýylyň 23-26-njy maýy aralygynda geçiriljek Ýewropa Parlamentiniň saýlawlary we beýleki möhüm meseleler barada giňişleýin maslahat edildi.
Dawosda 1971-nji ýyldan bäri geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda adamzat jemgyýetiniň ykbalyna gönüden-göni täsirini ýetirýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dünýäniň sosial-ykdysady ýagdaýynyň has-da gowulanmagy, iri ykdysady we syýasy bileleşikleriň, aýry döwletleriň, korporasiýalaryň, kompaniýalaryň bähbitleriniň gabat gelmegi forumyň iň esasy maksady bolup durýar. Islendik meseläni resmi däl ýagdaýda maslahatlaşmak mümkinçiligi forumyň iň esasy üstünlikleriniň biridir. Ştab-kwartirasy ýurduň Koloni şäherinde ýerleşýän foruma gatnaşýan döwletleriň sany ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlarynyň 1000-den gowrak kompaniýalary we guramalary bu forumyň agzasy bolup durýarlar.
Şeýle hem guramanyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň bäsleşige ukyplylygy baradaky hasabatlary her ýylda mälim edip durýarlar. Onuň býujeti foruma gatnaşyjylaryň geçirýän agzalyk gatançlarynyň we serişdeleriniň hasabyna döredilendir.