Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy berkitmegiň çäklerinde bilelikdäki kriptowalýutany döretmek baradaky meýilnamalaryny mälim etdiler. Bu karar barada iki ýurduň Abu-Dabidäki utgaşdyryjy geňeşiniň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky maslahatynda habar berildi. Elektron walýutany ornaşdyrmagyň maksady transaraçäk tölegleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem tehnologiýany ösdürmek bolup durýar. Kriptowalýuta işe girizilenden soňra, ony merkezi we täjirçilik maliýe, kredit banklary ulanyp bilerler. Şeýle hem taraplar gümrük işlerini ýeňilleşdirmek barada ylalaşdylar. Kriptowalýuta – munuň özi elektron pul birligi bolup, onuň goragy kriptografik tehnologiýa – maglumatlary gizlin saklaýan enjamlar arkaly üpjün edilendir. Material görnüşi bolmadyk bu pullar diňe wirtual giňişlikde dolanyşykda bolýarlar.
Birleşen Arap Emirlikleri we Saud Arabystany Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň agzasydyrlar. Bu geňeş 1981-nji ýylyň 25-nji maýynda (Cooperation Council for the Arab States of the Gulf) Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAE-niň, Omanyň we Saud Arabystanynyň ýolbaşçylarynyň Adu-Dabide bolan duşuşygynda döredildi. Ol syýasat, ykdysadyýet, maglumat, medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bu döwletler energiýa gorlarynyň ägirt uly ätiýaçlyklaryna eýedir. Dünýä nebitiniň subut edilen ätiýaçlyklarynda olaryň paýy 40%-den ybarat bolup, olar daşary ýurtlaryň nebite bolan islegleriniň 25%-ini kanagatlandyrýarlar, şeýle hem tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň dünýä boýunça 20%-ine eýedir. Mundan başga-da, olara dünýäniň maliýe gorlarynyň 40%-i degişlidir.