Bah­reýn­de sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­dan ga­za­nyl­ýan gir­de­ji­niň ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­dä­ki pa­ýy­nyň art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Pars aý­la­gyn­da­ky bu ada ýur­dun­da 2015-nji ýyl­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­dan alnan gir­de­ji je­mi içer­ki önü­miň 3,4 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­en bol­sa, ge­çen ýyl bu gör­ke­zi­ji 6,5 gö­te­ri­me ýe­t­di. Ýurt­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de pu­da­gyň pa­ýy­nyň has hem art­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu mak­sat bi­len su­was­ty se­ýil­gä­h dö­re­di­ler. Bu ada­ty bol­ma­dyk se­ýil­gäh 100 müň ine­dör­dül met­ri öz içi­ne alyp, ol ýer­de dür söw­da­sy­nyň edil­ýän öýi, eme­li mer­jen ada­jyk­la­ry, te­bi­ga­ta zy­ýan­syz ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sa­lan heý­kel­ler we ýo­lag­çy uça­ry bo­lar.
Ge­çen ýyl Bah­reý­ne ba­ran sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny öň­ki ýyl­da­ky­dan 25% ýo­kar­la­nyp, 12 mil­lio­na ýe­t­di. 2017-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 9,7 mil­li­on bolup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň ýurt­da geçirýän wag­ty hem ar­typ­dyr. 2015-nji ýyl­da her bir da­şa­ry ýurt­ly myh­man 2,26 gi­je-gün­diz bol­an bol­sa, ge­çen ýyl bu gör­ke­zi­ji 2,85 gi­je-gün­dize deň bo­lup­dyr. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň uly bö­le­gi­ni Sa­ud Ara­bys­ta­ny we beý­le­ki Pars aý­la­gy ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry eme­le ge­tir­ýär.
Sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­da­gyn­da mag­lu­mat­la­ry ýaý­rad­ýan “Bloom­berg Healt­hiest Count­ry In­dex” (Bloom­berg sag­dyn ýurt­la­ryň in­dek­si) sagdyn ýurtlaryň sa­na­wyny ýaý­ratdy. Bah­reýn bu sa­naw­da arap döw­let­le­ri­niň ara­syn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär. Ýurt umu­my sa­naw­da 2017-nji ýyl­da­ky­dan dört bas­gan­çak ýo­ka­ry ga­lyp, 36-njy bo­lup­dyr. Sa­na­wa je­mi 169 ýurt gi­ri­zi­lip, onda sag­lyk hyz­mat­la­ry­na, azyk ha­ryt­la­ry­nyň hi­li­ne, ada­myň or­ta­ça öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­na ba­ha be­ril­ýär. Sa­naw­da Or­ta­ýer deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky Is­pa­ni­ýa we Ita­li­ýa de­giş­li­lik­de öň­dä­ki iki or­ny eýe­le­ýär. Is­lan­di­ýa, Ýa­po­ni­ýa we Şweý­sa­ri­ýa il­kin­ji bäş­li­giň beý­le­ki orun­la­ry­ny alypdyr.
Bah­reýn ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ga­zy­lyp alyn­ýan se­riş­de­le­re ga­raş­ly­ly­gy­ny azalt­mak üçin al­ter­na­tiw ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne ma­ýa go­ýum goý­ýar. Şu ýy­lyň 3-nji çär­ýe­gin­de kuw­wa­ty 100 me­ga­wat­lyk Gün ener­gi­ýa des­ga­sy­ny gur­mak üçin bäs­­le­şik yg­lan edi­ler. Tas­la­ma bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­jek ýur­duň iň iri des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lar. Ýurt­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne is­le­giň 2025-nji ýy­la çen­li 5 gö­te­ri­mi­ni, 2035-nji ýy­la çen­li 10 gö­te­ri­mi­ni ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­rin­den al­mak mak­sat edi­nil­ýär. “Ýa­şyl” ener­gi­ýa­nyň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de, il­kin­ji no­bat­da, 40 sa­ny bi­na­nyň üçe­gi­ne Gün pa­nel­le­ri­ni ýer­leş­dir­mek hem göz öňün­de tu­tul­ýar.
Gel­jek ýyl­lar­da ýurt­da ener­gi­ýa pu­da­gyn­da 32 mil­liard dol­la­ryň öz­leş­di­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Il­kin­ji no­bat­da, dur­mu­şa ge­çi­ril­jek iri tas­la­ma­lar üçin 8 mil­liard dol­lar bö­lü­nip be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da “Bah­re­yn LNG” ter­mi­nal tas­la­ma­sy (741 mil­li­on dol­lar), “Bapco” ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy­nyň gi­ňel­dil­me­gi, Bah­reýn Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň ne­bit am­mar­la­ry ýa­ly tas­la­ma­lar bar. Iri taslamalaryň käbiri eýýäň durmuşa geçirilen bolsa, su­wuklan­dy­ry­lan gaz ter­mi­na­lynyň we ne­bit am­mar­la­ry­nyň şu ýy­lyň ahy­ryn­da gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Bah­reýn öňü­miz­dä­ki 2 ýy­lyň do­wa­myn­da tä­ze 66 tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 1,3 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär. Ma­li­ýe­leş­dir­me­giň dört­den üç bö­le­gi döw­le­tiň kö­mek gaz­na­syn­dan üp­jün edi­ler. Tas­la­ma­la­ryň ara­syn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy iň uly pa­ýy (28%) eýe­le­ýär. Tas­la­ma­la­ryň ara­syn­da ýol gur­lu­şy­gy (24%), elekt­rik we suw ge­çi­ri­ji­ler (17%), ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy (10%), ýaş­lyk we sport çä­re­le­ri (5%), bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş we beý­le­ki hyz­mat­lar (5%) bar.