Hytaýda 829 million adamyň internete elýeterliligi bar. Şunuň bilen birlikde, geçen ýylyň dowamynda ulanyjylaryň sany 56,53 million adam artdy. Bu barada HHR-iň maglumat internet-merkeziniň hasabatynda mälim edilýär.
Şeýlelikde, ilatyň internet ulanyşynyň gerimi 59,6% artyp, bu bir ýyl ozalkydan 3,8% köpdür. 2018-nji ýylda ortaça hytaý internet ulanyjysy hepdede 27,6 sagat internetde onlaýn oturypdyr. Bu bolsa, 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 35 minut köpdür. Interneti iň köp ulanyjylaryň toparyna talyplar girip, olar 25,4%-e deňdir, telekeçiler we erkin hünärliler bu paýyň bäşinjisine eýe. Ýurtda 610 million adam internet-dükanlaryndan peýdalanyp, bu 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 14,4% köpdür.
Internet arkaly harytlary teklip etmegiň we satyn almaga islegiň artmagy internet söwdasynyň ösmeginiň esasy sebäbi bolup durýar. Elektron söwdanyň ösüşinde täze görnüşler we usullar yzygiderli peýda bolýar. Bularyň ählisi ýurtda bölek söwdanyň özgermegine we täze görnüşe eýe bolmagyna ýardam berýär.
Mundan başga-da, öýjükli tölegleri geçirmäge ýardam berýän blokçeýn ýaly ýokary tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy işiň netijeliligini artdyrmaga ep-esli mümkinçilik berýär. Şeýle hem, onlaýn arkaly harytlara isleg bildirýänleriň sany barha artýar. Bu bolsa, bazary diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek edýär.