Ukrainada 21-nji aprelde geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň başlygy Wladimir Zelenskiý sesleriň 73,22 göterimi bilen ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Milli saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Ýewgeniý Radçenko sesleriň 100 göterimine golaýy sanalandan soňra habar berdi. Onuň bäsdeşi – häzirki döwlet baştutany Pýotr Poroşenko bolsa, sesleriň 24,45 göterimine eýe boldy.
– Bu biziň ählimiziň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde boldy. Men sizi hiç haçan oňaýsyz ýagdaýda goýmajagyma söz berýärin – diýip, Wladimir Zelenskiý öz tarapdarlaryna we ähli ukrainalylara ýüzlenmesinde mälim etdi. Ol saýlawçylara, saýlawlara ýardam eden meýletinçilere hoşallygyny bildirdi.
Pýotr Poroşenko ukrainalylaryň kararyny ykrar edýändigini aýdyp, öz bäsdeşini gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady. Ol mundan beýläk hem syýasatda galyp, ýurduň ösüşi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny mälim etdi.
Saýlawlaryň birinji tapgyry 31-nji martda geçirilip, onda Wladimir Zelenskiý sesleriň 30,23 göterimi bilen öňdeligi eýeläpdi, Pýotr Poroşenko bolsa, sesleriň 16,67 göterimini alypdy. Saýlawlaryň birinji tapgyryna jemi 39 dalaşgär gatnaşyp, saýlawlaryň ikinji tapgyryna Wladimir Zelenskiý we Pýotr Poroşenko çykmagy başarypdy. Kanun boýunça, saýlawlaryň resmi netijeleri 1-nji maýdan gijä galman mälim ediler. Täze saýlanan Prezident netijeler mälim edilenden 30 gün soň wezipesine girişýär.
Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ses berlişige jemi 18 million 491 müň 840 saýlawçy gatnaşypdyr. Saýlawlarda Zelenskä 13,5 milliondan gowrak adam ses beripdir. Ses berlişige saýlawçylaryň gatnaşygy 62,7 göterime deň boldy. Zelenskiniň saýlawlardaky gazanan netijeleri Ukrainanyň taryhynda rekord dereje hasaplanýar. Ukrainanyň hiç bir Prezidenti şu wagta çenli ýurduň raýatlary tarapyndan şeýle goldawa eýe bolmandyr.
Wladimir Zelenskini Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Kanadanyň Premýer-ministri Jastin Trýudo, Awstriýanyň kansleri Sebastýan Kurs dagy ilkinjileriň hatarynda gutladylar.
Ukrainanyň Prezidenti baş ýyllyk möhlet bilen saýlanýar. Dalaşgärleriň saýlawlarda ýeňiş gazanmagy üçin saýlawçylaryň 50 göterimden gowrak sesini almagy gerek. Eger-de dalaşgärleriň hiç birisi birinji ses berlişikde ýeterlik ses alyp bilmese, onda saýlawlaryň ikinji tapgyry bellenip, oňa sesleriň has köp mukdaryny alan iki dalaşgär gatnaşýar.
Wladimir Aleksandrowiç Zelenskiý 1978-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Ukrainanyň Kriwoý Rog şäherinde dogulýar. Iňlis dilini çuňňur öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebe okuwa girmezden ozal, 4 ýyllap ene-atasy bilen birlikde Mongoliýada ýaşaýar we soňra Kriwoý Roga dolanyp gelýär. Ol ukrain, rus we iňlis dillerini suwara bilýär. Ol çagalyk ýyllary grek-rim göreşi, agyr atletika, basketbol we woleýbol bilen meşgullanýar. Gitara we pianino çalmagy öwrenip, mekdep ansamblynyň agzasy bolýar. Ol 1995-nji ýylda mekdebi tamamlap, Kriworžsk ykdysady institutyna okuwa girip, hukuk ylymlary boýunça bilim alýar.
Ol ýurtda syýasatçy, aktýor, ýomakçy, ssenariçi, telealypbaryjy, kinoprodýuser, aýdymçy we şowmen hökmünde giňden tanalýar. 2003-nji ýylda synpdaşy Ýelena Zelenskaýa bilen nikalaşýar. Olaryň bir gyzy, bir ogly bar.