Ýewropa Bileleşigi 2021-nji ýyldan başlap, bir gezek ulanylan plastikadan ýasalan iýmit gaplarynyň we pagtaly çöpjagazlaryň satuwyny gadagan eder. Ýewropa Parlamentiniň wekilleri bu baradaky degişli kanuny tassykladylar. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň Geňeşi tarapyndan doly makullanandan soň, ol kanuny güýje eýe bolar.
Ýewropa Komissiýasynyň maglumatlaryna görä, bu plastikler deňizlerdäki galyndylaryň 80 göterimini düzýär. Täze kanun hapalanmaga sebäp bolýan harytlaryň 70 göterimini çäklendirýär. Şeýle karara gelinmeginiň sebäbi hem dünýäde plastmassa önümleriniň çendenaşa köp ulanylmagy bolup, ol daşky gurşawyň hapalanmagyna alyp barýar.
Plastik önümleriň çüýremek prosesi has uzaga çekýär. Deňizlerdäki we ummanlardaky galyndylar deňiz önümleriniň üsti bilen gös-göni adamyň iýmitine düşüp bilýär. Ummanlary şol plastik galyndylardan arassalamak aňsat bolman, akym bilen ugurdaş hereket edýän şol taşlandylar ýakyn ýüz ýyllykda ýitip ýok bolup gitmez.
Daşky gurşaw, deňiz we balykçylyk boýunça ýewrokomissar Karmenu Wella eger şeýle möçberdäki plastik galyndylaryň taşlanylmagy dowam etse, onda deňizlerde plastik galyndylaryň balykdan köp boljakdygyny aýdýar. Bu bolsa, balyklaryň iýmit hökmünde ýaramsyz bolmagyna alyp barýar.
BMG-niň golaýda ýaýradan maglumatynda her ýylda dünýä ummanlaryna 400 million tonnadan gowrak galyndy taşlanyp, onuň ummanlaryň florasyna we faunasyna ýaramaz täsir edýändigi habar berildi.