Ita­li­ýa şu ýyl dün­ýä bel­li su­rat­keş, heý­kel­ta­raş, bi­na­gär, alym we oý­lap ta­py­jy Leo­nar­do da Win­çi­niň ara­dan çyk­ma­gy­nyň 500 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lap, on­lar­ça ser­gi­le­ri we me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­ýär. Onuň wa­ta­ny Ita­li­ýa­nyň dür­li şä­her­le­rin­de Re­ne­ssans döw­rü­niň be­ýik us­sa­dy­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan çä­re­le­re ýer­li ýa­şaý­jy­lar we sy­ýa­hat­çy­lar gat­na­şyp, onuň öm­ri we dö­re­di­ji­li­gi bi­len ýa­kyn­dan tan­şyp bil­er­ler.
Tu­rin­iň Ko­rol­lyk mu­ze­ýin­de 15-nji ap­rel­den 14-nji iýu­la çen­li ara­lyk­da Leo­nar­do da Win­çi­niň eser­le­ri­niň ser­gi­si ge­çi­ri­lýär. “Leo­nar­do da Win­çi, gel­je­gi şe­kil­len­dir” at­ly ser­gi­de Leo­nar­do­nyň iş­le­ri bi­len bir­lik­de, Ra­fae­liň, Mi­ke­lan­je­lo­nyň we Bra­man­te­niň iş­le­ri hem goý­lar. Maz­mu­na baý çä­re­ler Mi­lan­da me­ýil­leş­di­ri­lip, Ko­rol köş­gün­de üç sa­ny ser­gi gu­ral­ýar. Ola­ryň il­kin­ji­si 6-njy mart­da baş­lap, 7-nji iýu­la çen­li do­wam ed­ýär.
Leo­nar­do da Win­çi “Mo­na Li­za”, “Ga­ýa­da­ky Ma­don­na”, “Syr­ly gi­je” ýa­ly aja­ýyp eser­le­riň aw­to­ry­dyr. Şeý­le hem ol ýi­ti syn­çy­lyk uky­by­na eýe bo­lan, bi­na­gär­lik we ra­ýat gur­lu­şyk­la­ryn­dan baş­lap ast­ro­no­mi­ýa, ana­to­mi­ýa, zoo­lo­gi­ýa, ge­og­ra­fi­ýa, geo­lo­gi­ýa we pa­le­on­to­lo­gi­ýa ýa­ly köp ugur­lar­da bar­lag­la­ry ge­çi­ren alym­dyr.
Da Win­çi­ni ha­ty­ra­la­dy­lar
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron we Ita­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ser­jo Mat­ta­rel­la akyl­da­ryň ara­dan çyk­ma­gy­nyň 500 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­re gat­naş­dy­lar. Esa­sy çä­re­ler Fran­si­ýa­nyň Am­bu­az şä­he­ri­niň Lua­ry jül­ge­sin­de ge­çi­ril­di. Bu ýer­dä­ki Klo-Lýu­se bi­na­syn­da Leo­nar­do da Win­çi ko­rol Fran­sis­ka I ho­wan­dar­ly­gyn­da öm­rü­niň ahyr­ky ýyl­la­ry­ny ge­çir­ýär. Da­ba­ra­nyň çäk­le­rin­de Em­ma­nu­el Mak­ron bi­len Ser­jo Mat­ta­rel­la akyl­da­ryň aram­gä­hi­ne gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Olar Re­ne­ssans döw­rü­niň be­ýik şah­sy­ýet­le­ri­niň bi­ri­ni ha­ty­ra­lap, onuň dur­mu­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lan iki ýur­duň ýa­kyn­ly­gy ba­ra­da gür­rüň et­di­ler.
Da Win­çi­niň çe­ken su­ra­ty ta­pyl­dy
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ko­rol­ly­gy­na de­giş­li kol­lek­si­ýa­nyň ara­syn­dan Leo­nar­do da Win­çi­niň ýa­şan döw­rün­de çe­ki­len nä­bel­li su­rat ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu ba­ra­da “The Te­leg­raph” ne­şi­ri ha­bar ber­ýär. Su­rat Fran­si­ýa­nyň Ko­ro­ly­nyň sar­gy­dy bi­len taý­ýar­lyk et­ýu­dy hök­mün­de ka­gy­zyň ýü­zü­ne çe­ki­lip­dir. Hü­när­men­ler onuň aw­to­ry­nyň su­rat­ke­şiň kö­mek­çi­le­ri­niň bi­ri bo­lup bi­ler di­ýip çak ed­ýär­ler. Has ta­ky­gy, bu su­rat meş­hur su­rat­ke­şiň kö­mek­çi­le­ri­niň bi­ri ta­ra­pyn­dan 1519-njy ýyl­da Da Win­çi ara­dan çyk­ma­zy­nyň öň ýa­nyn­da çe­ki­lip­dir.
Bu su­rat ko­rol­lyk kol­lek­si­ýa­sy­nyň üs­tü­ni dol­dur­mak üçin Ang­li­ýa­ny XVII asyr­da do­lan­dy­ran Karl II döw­rün­de al­nyp gaý­dy­lyp­dyr. 1968-nji ýyl­da ta­ryh­çy Ken­net Klark su­rat­da­ky sak­gal­ly er­kek ki­şi­niň Leo­nar­do da Win­çä ça­lym ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, bu su­rat ýe­ne-de Wind­zorsk köş­gün­dä­ki ar­hiw­de goý­lup­dyr.
Leo­nar­do da Win­çi­niň 500 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan ser­gä taý­ýar­lyk gö­rül­ýär­kä çä­rä­niň ýol­baş­çy­sy Mar­tin Kleý­ton bu su­ra­ty göz­den ge­çi­rip­dir. Ol su­rat­da­ky­nyň ha­ky­kat­dan-da Da Win­çi­di­gi­ni anyk­lap­dyr. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, su­rat­ke­şiň ga­ba we ti­mar­la­nan sak­ga­ly şol dö­wür­de Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da üýt­ge­şik be­zeg sa­ýy­lyp­dyr. Bu su­rat 24-nji maý­da Bu­kin­gem köş­gün­de açyl­jak ser­gi­de il­kin­ji ge­zek köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler. Mun­dan ozal, Leo­nar­do da Win­çi­niň özi ýa­şap ýö­ren wag­tyn­da çe­ki­len di­ňe bir port­re­ti bel­li bo­lup, şä­gir­di Fran­çes­ko Mel­si ta­ra­pyn­dan çe­ki­len eken. Ol hem Ko­rol­ly­gyň kol­lek­si­ýa­syn­da sak­lan­ýar.
Ko­rol­lyk kol­lek­si­ýa­sy 500 ýy­lyň do­wa­myn­da bri­tan ko­ro­ly­nyň maş­ga­la­sy ta­ra­pyn­dan ýyg­na­lan sun­gat eser­le­rin­den we beý­le­ki gym­mat­lyk­lar­dan yba­rat­dyr. Ol ýer­de ýe­di müň­den gow­rak port­ret, ak­wa­rel bi­len çe­ki­len 40 müň su­rat, ha­şam­la­nan su­rat­lar, ta­ry­hy fo­to­su­rat­lar, go­be­len, me­bel­ler, şaý-sep­ler, ke­ra­mi­ki önüm­ler we ki­tap­lar sak­lan­ýar.
2018-nji ýyl­da Şweý­sa­ri­ýa­da­ky bank­la­ryň bi­rin­den Leo­nar­do da Win­çi­niň çe­ken su­rat­la­ry­nyň bi­ri­niň ta­py­lan­dy­gy ha­bar ber­lip, on­da Re­ne­ssans döw­rü­niň su­rat­keş­le­ri­niň ho­wan­da­ry Iza­bel­la d’Es­te şe­kil­len­di­ri­len eken. Bu port­ret 400 ýy­lyň do­wa­myn­da sun­gat eser­le­ri­ni ýyg­na­mak bi­len meş­gul bo­lan ital­ýan maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lup çyk­ýar.
Aly­myň bi­ti­ren be­ýik iş­le­ri
Leo­nar­do da Win­çi (1452–1519) be­ýik ital­ýan aly­my, in­že­ne­ri, su­rat­ke­şi, heý­kel­ta­ra­şy we sa­zan­da­sy. Tä­sin en­jam­la­ry­ we des­ga­la­ry iş­läp dü­zen bu şah­sy­ýet wagt­dan has öňe ge­çip­dir. Ýö­ne ola­ryň kö­pü­si dur­mu­şa ge­çi­ril­män ga­lyp­dyr. Ol çak­da­na­şa güýç­li ze­hin ha­sap­lan­ýar. Onuň aja­ýyp kar­ti­na­la­ry we di­wa­ryň ýü­zü­ne çe­ken de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk su­rat­la­ry asyr­lar­dan bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Gy­nan­sak-da, onuň ýa­san ha­ky­ky en­jam­la­ry­nyň kö­pü­si ýi­tip gi­dip­dir, ýö­ne onuň köp san­ly in­že­ner­çi­lik pi­kir­le­ri su­rat­lar­da we çyz­gy­lar­da be­ýan edil­ýär.
Leo­nar­do­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň ag­la­ba­sy XV asyr­da Ita­li­ýa­da ama­la aşyp hem bil­jek däl­di. My­sal üçin, onuň gol­ýaz­ma­la­ry­nyň bi­rin­de di­ku­ça­ryň şe­ki­li bo­lup, aşa­gyn­da şeý­le bel­le­nil­ýär: “Eger bu en­jam dog­ry gu­rul­sa, pe­riň tiz aý­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ol as­ma­na gö­te­ri­ler”. Bu tag­lym di­ňe XX asyr­da ama­la aş­dy. Ýyg­na­lan we dar­ga­dy­lan gör­nüş­ler­de ýük gat­nad­ýan ara­ba­la­ryň su­rat­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ti­gir­çek­ler, disk­ler, he­re­ke­ti ge­çir­ýän diş­li çarh­la­ryň äh­li de­tal­la­ry örän ta­kyk. Me­ge­rem, alym şol wagt­lar aý­la­nyş he­re­ke­ti­niň güý­je­ýän he­re­ke­te öw­rül­me­gi­niň çöz­güt­le­ri­niň üs­tün­de iş­län­dir. Onuň teh­ni­ki göz­leg­le­ri­niň köp­ta­rap­ly­dy­gy ba­ra­da köp san­ly mag­lu­mat­lar sak­la­nyp ga­lyp­dyr. My­sal üçin, ol me­ha­ni­ki usul­da at­la­ry iým­le­ýän teb­le­ha­na­ny tas­lap­dyr. Ol ýe­liň tiz­li­gi­ni öl­çe­mek üçin ane­mo­metr oý­lap ta­pyp­dyr. Onuň ägirt uly pi­kir­le­ri­niň bi­ri Bos­fo­ryň üs­tün­den geç­me­li köp­ri­niň tas­la­ma­sy bo­lup­dyr. Türk sol­ta­ny ze­hin­li in­že­ne­riň bu tek­li­bi­ni ka­bul et­män­dir. Di­ňe XX asyr­da Bos­fo­ryň üs­tün­den köp­ri gur­lup­dyr.
Uçur­syz ze­hin­li oý­lap ta­py­jy öz tag­lym­la­ry­ny şol dö­wür­de ama­la aşyr­ma­gyň müm­kin däl­di­gi­ne dü­şün­se-de, öm­rü­niň iň soň­ky sa­gat­la­ry­na çen­li dö­ret­me­gi­ni do­wam et­di­rip­dir. Leo­nar­do da Win­çi­niň çyz­gy­la­ry­na sal­gy­la­nyp 500 ýyl soň­ra, ha­sap ma­şy­ny­ny oý­lap ta­pyp­dyr­lar. Onuň ylym we teh­ni­ka bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýa­zan gol­ýaz­ma­la­ry bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Leo­nar­do­nyň gol­ýaz­ma­la­ry­ny oka­mak ýe­ňil däl: ol ýa­zuw­da öz­bo­luş­ly usul­la­ry we gys­galt­ma­la­ry köp ula­nyp­dyr. Onuň ýaz­gy­la­ry ara­dan çy­kan­dan soň, Ýew­ro­pa­nyň ki­tap­ha­na­la­ry­na we hu­su­sy kol­lek­si­ýa­lar­na ber­lip­dir. Be­ýik aly­myň teh­ni­ka ba­ra­da­ky yl­my eser­le­ri di­ňe 1651-nji ýyl­­da do­ly çap edi­lip, onyň yl­my iş­le­ri­niň uly bö­le­gi XIX asy­ra çen­li nä­mä­lim bo­lup ga­lyp­dyr. Şeý­le-de bol­sa, onuň geo­lo­gik we pa­le­on­to­lo­gik bar­lag­la­ry we na­za­ry­ýet­le­ri köp san­ly açyş­la­ryň buş­luk­çy­sy bol­dy.