23-26-njy maý aralygynda Ýewropa Parlamentiniň saýlawlary geçirildi. Oňa bileleşige agza 28 döwletden 426 million saýlawçy gatnaşyp, 751 wekil saýlandy. Saýlawlar 23-nji maýda Niderlandlarda we Beýik Britaniýada, 24-nji maýda Irlandiýada we Çehiýada, 25-nji maýda Latwiýada, Maltada we Slowakiýada geçirildi. 26-njy maý ses berlişigiň iň möhüm güni bolup, Ýewropa Bileleşiginiň beýleki döwletlerinde – Awstriýa, Belgiýa, Bolgariýa, Daniýa, Ispaniýa, Italiýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Gresiýa, Litwa, Lýuksemburg, Germaniýa, Polşa, Portugaliýa, Rumyniýa, Sloweniýa, Wengriýa, Fransiýa, Horwatiýa, Şwesiýa hem-de Kipr ýurtlarynda geçirildi. Saýlawlarda Ýewropa Parlamentiniň 2019 – 2024-nji ýyllar üçin wekilleri saýlandy. Her bir ýurduň Ýewropa Bileleşiginde özleriniň anyk kürsi sany bar. Olaryň sany ýurduň ilat sanyna görä kesgitlenip, Germaniýa (96), Fransiýa (74), Italiýa we Beýik Britaniýa (73) ýaly ýurtlardan has köp deputat wekilçilik edýär. Kipr, Malta we Lýuksemburg ýaly az ilatly ýurtlaryň her biriniň 6 deputaty bar.
Ýewropa Parlamentiniň metbugat merkezinde Ýewropa Bileleşiginiň ähli ýerindäki saýlaw uçastoklary ýapylandan soňra, Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlaryň gutarnykly netijeleri şeýle tertipde kesgitlenildi.
EPP – 178 (Ýewropanyň halk partiýasy).
S&D – 152 (Sosialistleriň we demokratlaryň öňdebaryjy bileleşigi).
ALDE&R – 108 (Ýewropa üçin liberallaryň we demokratlaryň bileleşigi).
Greens/EFA – 67 (Ýaşyllar topary / Ýewropanyň erkin bileleşigi).
ECR – 61 (Ýewropanyň konserwatorlarynyň we reformaçylarynyň topary).
GUE/NGL – 39 (Ýewropanyň birleşen çepçileriniň konfederatiw topary).
EFDD – 53 (Ýewropanyň azatlygy we demokratiýasy).
ENF – 55 (Ýewropanyň milletler we erkinlik topary).
NI – 7 (Beýleki syýasy güýçlere goşulyşmadyk deputatlar).
31 deputat özbaşdak dalaşgär bolup saýlanypdyr. Saýlawlara gatnaşyk 50,5% bolup, ol 2014-nji ýyldaka garanyňda, 8% köpdür. Ýewropa parlamentine 40 partiýa öz dalaşgärlerini hödürledi.
Ýewropa Parlamentiniň häzirki düzümi 2024-nji ýyla çenli işlär. Ol Ýewropa Geňeşi bilen birlikde Ýewropa Bileleşiginiň ygtyýarlyklaryny kesgitlär, býujet komissiýasyny düzer, Ýewropa Komissiýasynyň işlerine gözegçilik eder.
Ýewropa Parlamentine uly ynam bildirilip, onuň netijelerine görä, Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň dolandyryjy ýolbaşçylary bellenilýär. 31-nji oktýabrda Ýewrokomissiýanyň başlygy Žan-Klod Ýunkeriň we Ýewrokomissiýanyň beýleki 27 agzasynyň, Ýewrogeňeşiň başlygy Donald Tuskuň, Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Federika Mogerininiň ygtyýarlyklary tamamlanýar. Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Antonio Taýani eýýäm Ýewroparlamentiň beýleki düzümi bilen birlikde işden gitdi. Olaryň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň – Ýewrokomissiýanyň başlygynyň uly ygtyýarlyklary bar.
Mundan ozalky saýlawlar 2014-nji ýylyň 22-25-nji maýy aralygynda geçirilipdi. Parlamentiň düzümine 750 wekil girýärdi. Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjy organynda 8 fraksiýa bolup, olardan orunlaryň köpüsini “Ýewropanyň halk partiýasy” we “Ýewropa üçin liberallaryň we demokratlaryň bileleşigi” eýeleýärdi.
Ýewropa Parlamentiniň agzalary her bäş ýyldan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň raýatlary tarapyndan göni ses bermek arkaly saýlanylýar. Häzirki wagtda Ýewropa Parlamentinde 751 orun bar. Ýurduň ilaty näçe köp bolsa, şonça-da köp wekiller Ýewroparlamentde orun eýeleýärler.
Ýewropa Parlamenti Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjy we wekilçilikli organy bolup, dünýäniň iň täsirli kanun çykaryjy organlarynyň biri hasaplanýar.
Ýewropa Parlamenti 1952-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda döredilýär. Onuň agzalary ilki-ilkiler Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň parlamentleri tarapyndan bellenilýär. 1979-njy ýyldan soň parlament wekilleri halk tarapyndan saýlanylyp ugraýar.
Ýewropa Parlamentiniň Fransiýanyň Strasburg, Belgiýanyň Brýussel şäherlerinde hem-de Lýuksemburgda mejlisler zallary bar. Ýewropa Parlamenti, esasan, Ýewropa Komissiýasyna, kanunlara we býujete gözegçilik edýär. Ýewropa Parlamentiniň ýolbaşçysy 2,5 ýyl möhlet bilen saýlanýar. 2017-nji ýylyň 17-nji ýanwaryndan bäri, Ýewropa Parlamentine Antonio Taýani başlyklyk etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň baş parlamentine saýlawlar deň ölçegli ulgam boýunça geçirilýär. Başgaça aýdanyňda, her bir ýurt ses berlişigiň nähili tertipde geçirilmelidigini, näçeräk saýlaw okrugynyň ýurtda bolmalydygyny özbaşdak kesgitleýär. Ýewropa Parlamentiniň saýlawlary dört gün dowam edip, her ýurt özleriniň ses berlişigi gurnaýyş däplerine görä, saýlaw gününi saýlap alýar.
Ses bermek üçin ýaş çägi hem her ýurtda başgaça. Köp ýurtda 18 ýaşda, Malta we Awstriýa ýaly ýurtlarda 16 ýaşda, Gresiýada 17 ýaşda ses berip bolýar. Belgiýa, Gresiýa, Lýuksemburg we Kipr ýaly ýurtlarda, beýlekilerden tapawutlylykda ses bermek hökmany hasaplanýar.
Başga ýurtlarda saparda bolýan Ýewropa Bileleşiginiň raýatlary islese öz ýurdunda, islese hem bolýan ýurdunda ses bermäge gatnaşyp bilýär. Bolgariýalylardan, kiprlilerden, daniýalylardan we gresiýalylardan başga Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýaşaýanlar öz bolýan ýurdunyň ilçihanasynda ýa-da konsullygynda ses berip bilýärler.
Saýlawlaryň netijeleri mälim edilenden soňra, Parlamentiň agzalary syýasy fraksiýalary düzmegiň üstünde işläp başlaýarlar. Parlament özüniň birinji plenar mejlisinde özüniň täze başlygyny, soňra Ýewropa Komissiýasynyň başlygyny saýlaýar, soňra bolsa, komissiýanyň tutuş düzümine seredip, ony makullaýar.