28-nji maý­da Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky 100 hem-de 200 ýew­ro gym­ma­ty bo­lan tä­ze pul­la­ryň nus­ga­la­ry­ny ýew­ro zo­la­gyň ýurt­la­ry­na do­la­ny­şy­ga goý­ber­di. Olar öl­çe­gi bo­ýun­ça ozal­ky ka­gyz pul­lar­dan ta­pa­wutly bolup, iki bank­no­tuň hem ini üýt­ge­di­lip, 50 ýew­ro ky­bap­daş ediler. In­di no­mi­na­lyň şe­kil­le­ri uly hem-de aý­dyň bo­lar. Mun­dan baş­ga-da, onuň di­zaý­nyn­da gü­ber­çek şe­kil­ler ula­ny­lyp, ol ýaz­gy­la­ra dür­li öwüş­gin­le­ri ber­ýär. 100-lik ýew­ro iň köp ula­nyl­ýan pul­dur. Şeý­le­lik­de, pul­lar ban­ko­mat­dan tiz ge­çip, ra­ýat­la­ryň gap­jyk­la­ry­na yk­jam ýer­le­şer diý­lip, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň res­mi be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Bank­not­la­ryň uzyn­ly­gy öň­kü­si ýa­ly gal­dy­ryl­dy. Reň­ki hem üýt­ge­dil­me­di: 100 ýew­ro­lyk kup­ýu­ra gök, 200 ýew­ro­lyk kup­ýu­ra bol­sa, sa­rym­tyl­-go­ňur öwüs­ýär. Tä­ze pul­lar goş­ma­ça go­rag ele­ment­le­ri bi­len hem üp­jün edi­lipdir. Gö­ze gö­rün­ýän go­rag ala­mat­la­ryn­dan baş­ga-da, di­ňe ha­sap­la­ýyş en­ja­my­nyň okap, anyk­la­ýan ýö­ri­te bel­lik­le­ri bar. Şeýle hem olarda ga­dy­my grek mif­le­ri­niň gah­ry­man­la­ry şe­kil­len­di­ri­lip­dir.
Mun­dan ozal, Ýew­ro­pa­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň ag­za­sy Iw Merş Ýew­ro­pa pu­lu­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň çyk­arylma­gynyň, ilkinji no­bat­da, galp pul­lar bi­len gö­reş­de oý­la­ny­şyk­ly çä­re bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp­dy. Şeý­le hem ol bu pul­la­ry galp­laş­dy­ryp bol­ma­ýan­dy­gy­ny, banknotyň ha­ky­kydy­gy­ny kes­git­le­me­giň on­çak­ly kyn düş­me­jek­di­gi­ni mälim edipdi.
2013-nji ýyl­da gym­ma­ty bäş ýew­ro deň bo­lan pul­lar, 2014-nji ýyl­da 10 ýew­ro, 2015-nji ýyl­da 20 ýew­ro, 2017-nji ýyl­da bol­sa, 50 ýew­ro­lyk pul­lar do­la­ny­şy­ga gi­ri­zi­lip­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, 500-lik ýew­ro­ny tä­ze­le­mek ba­ra­da he­niz bel­li bir ka­rara gelinmedi. Hä­zir­ki wagt­da 2002-nji ýy­lyň 500-lik hem-de beý­le­ki bank­not­la­ry do­la­ny­şyk­da he­re­ket ed­ýär. Pul­la­ryň kö­ne nus­ga­sy köp ula­ny­lyp san­dan çy­kan­dan soň, ara­dan aý­ryl­ýar. Bank ola­ryň çäk­len­di­ril­me­dik wag­tyň do­wa­myn­da tä­ze­si­ne çal­şyp bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­ýär.
Ýew­ro­zo­lak ýew­ro pul bir­li­gi­niň res­mi ýag­daý­da he­re­ket ed­ýän ýurt­la­ry bo­lup, ola­ryň ara­syn­da Bi­le­le­şi­ge ag­za bol­ma­dyk ýurt­lar hem bar. Şeý­le hem kä­bir Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň öz mil­li pul bir­lik­le­ri­ni ulan­ýan­la­ry hem bar – “Econo­mic and Mo­ne­ta­ry Union” (EMU). Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­zo­lak Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 19 ýur­du­ny – Awst­ri­ýa, Bel­gi­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Gre­si­ýa, Ir­lan­di­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ita­li­ýa, Kipr, Lat­wi­ýa, Lit­wa, Lýuk­sem­burg, Mal­ta, Ni­der­land­lar, Por­tu­ga­li­ýa, Slo­wa­ki­ýa, Slo­we­ni­ýa, Finl­ýan­di­ýa, Fran­si­ýa we Es­to­ni­ýa ýurt­la­ryny öz içi­ne alyp, ola­ryň res­mi pu­ly ýew­ro­dyr. Ýew­ro­pa­nyň wal­ýu­ta bi­le­le­şi­gi 1991-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan bäri he­re­ket edýär.