28-29-njy iýun­da Ýa­po­ni­ýa­nyň üçün­ji uly şä­he­ri Osa­ka­da 14-nji ge­zek “Uly ýig­ri­mi­li­giň” (G20) sam­mi­ti ge­çi­ri­ler. Sam­mit­de “Uly ýig­ri­mi­li­giň” Li­der­le­ri hal­ka­ra ýag­da­ýynyň hem-de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň möhüm me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.

“Uly ýig­ri­mi­lik” (G20) ösen hem-de ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň hö­kü­met­le­ri­niň we mer­ke­zi bank­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­le­le­şi­gi­dir. Awst­ra­li­ýa, Ar­gen­ti­na, Bra­zi­li­ýa, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa, Ita­li­ýa, Ka­na­da, Hy­taý, Mek­si­ka, Rus­si­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, ABŞ, Tür­ki­ýe, Fran­si­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy we Ýa­po­ni­ýa ýaly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ösen we ös­ýän ýurt­lar “G20”-niň ag­za­la­ry­dyr. 19 ýurt bilen birlikde, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ agza hökmünde gatnaşyp, oňa Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­ hem-de Ýewropa Geňeşi we­kil­çi­lik ed­ýär­.
Geçen ýyl Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýresde geçirilen “Uly ýigrimiligiň” sammitinde bi­le­le­şi­giň li­der­le­ri ho­wa zy­ňyl­ýan zy­ýan­ly mad­da­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­mak, bos­gun­lar we söw­da­ny ös­dür­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul et­di­ler.
“G20” dün­ýä­niň je­mi içer­ki önü­mi­niň 85 gö­te­ri­mi­ni, halkara söw­da­­nyň 75 gö­te­ri­mi­ni, şeý­le hem dün­ýä­niň ila­ty­nyň üç­den iki bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. 1999-njy ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan bu Hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň mej­li­sin­de ma­li­ýe mi­nistr­le­ri we mer­ke­zi bank­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry de­re­je­sin­de hal­ka­ra ma­li­ýe ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar. “Uly ýig­ri­mi­li­giň” 15-nji sam­mi­ti gel­jek ýyl Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­ler. “Uly ýig­ri­mi­li­giň” il­kin­ji sam­mi­ti dün­ýä li­der­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da 2008-nji ýyl­da Wa­şing­ton­da ge­çi­ri­lip­di.

Ener­ge­ti­ka mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gy
15-16-njy iýun­da “Uly ýig­ri­mi­li­giň” ener­ge­ti­ka we eko­lo­gi­ýa mi­nistr­le­ri­niň Ýa­po­ni­ýa­nyň Ka­ru­id­za­wa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ri­len mas­la­ha­tyn­da dün­ýä um­ma­ny­na taş­lan­ýan plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len hal­ka­ra eda­ra­ny dö­ret­mek ha­kyn­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Bu ba­ra­da mi­nistr­le­riň bi­le­lik­dä­ki be­ýa­na­ty­na sal­gy­la­nyp, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mälim edýärler. Be­ýa­nat­da ha­pa­la­nýan dün­ýä um­ma­nlary gys­sag­ly çä­re­le­ri ta­lap ed­ýär, çün­ki eme­le ge­len ýag­daý de­ňiz ekoul­ga­my­na hem-de adam­la­ryň sag­ly­gy­na ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär diý­lip bel­le­nil­ýär.
Şo­ňa gö­rä, “Uly ýig­ri­mi­li­giň” ýurt­la­ry plas­tik taş­lan­dy­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bi­rik­dir­mek, şeý­le hem ga­za­ny­lan ne­ti­je­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry alyş­mak bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Ka­bul edi­len stra­te­gi­ýa la­ýyk­lyk­da, her bir ýurt öz mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp dü­züp, onuň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da tä­ze dö­re­di­len eda­ra yzy­gi­der­li ha­bar be­rip dur­ar­lar.
BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, her ýyl­da dün­ýä­de 300 mil­li­on ton­na plas­tik ön­dü­ri­lip, ola­ryň 6 mil­li­on ton­na­sy dün­ýä um­ma­nlary­na taş­lan­ýar. Ka­ru­id­za­wa­da­ky du­şu­şyk Ýa­po­ni­ýa­nyň Osa­ka şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek “Uly ýig­ri­mi­li­giň” sam­mi­ti­niň bir bö­le­gi­dir.
Şeý­le hem ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy we ug­le­wo­do­rod­la­ry dur­nuk­ly ug­rat­ma­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.