Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Wýet­nam güm­rük paç­la­ry­ny 99 gö­te­rim azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän er­kin söw­da yla­la­şy­gyna gol çek­di­ler. Bu ba­ra­da Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň res­mi saý­tyn­da­ky met­bu­gat üçin be­ýa­nat­da mä­lim edil­ýär. Bu Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Azi­ýa­nyň ösüp bar­ýan ýur­dy bi­len il­kin­ji şert­na­ma­sy­dyr.
“Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Wýet­na­myň hö­kü­me­ti 30-njy iýun­da Ha­noý­da gol çe­ki­len er­kin söw­da ba­ra­da­ky yla­la­şy­gy, şeý­le hem ma­ýa go­ýum­la­ry­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky yla­la­şy­gy ma­kul­la­ýar. Ta­rap­lar mun­dan beý­läk hem yk­dy­sa­dy ösüş bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam et­di­rip, söw­da we ma­ýa go­ýum ul­gam­la­ryn­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ber­ki­der­ler. Bu bol­sa, bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­my­zy pug­ta­lan­dy­ryp, uzak möh­let­le­ýin gat­na­şyk­la­ry­my­zy ös­dü­rer” diý­lip, be­ýa­nat­da aý­dyl­ýar.
Ýew­ro­bi­le­le­şik bi­len Wýet­na­myň ara­syn­da­ky er­kin söw­da ba­ra­da­ky şert­na­ma ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky güm­rük paç­la­ry­nyň 99 gö­te­ri­mi­ni, şeý­le hem Ýew­ro­bi­le­le­şik­den Wýet­na­ma eks­port nyrh­na­ma­la­ry­nyň 65 gö­te­ri­mi­ni ara­dan aýyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Yla­la­şyk güý­je gi­ren­den soň­ra, ga­lan bö­le­gi 10 ýy­lyň do­wa­myn­da kem-kem­den ýa­ty­ry­lar. Wýet­na­myň Ýew­ro­bi­le­le­şi­ge eks­por­ty ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, güm­rük paç­la­ry­nyň 71 gö­te­ri­mi res­mi­na­ma güý­je gi­ren­den soň­ra ara­dan aý­ry­lar, ga­lan­la­ry bol­sa, 7 ýy­lyň do­wa­myn­da ýa­ty­ry­lar.
Wýet­nam Sin­ga­pur­dan soň­ra Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy söw­da hyz­mat­da­şy bo­lup, söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň möç­be­ri ýyl­da 50 mil­liard ýew­ro deň­dir. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Wýet­nam­dan esa­sy im­por­ty te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa en­jam­la­ry, egin-eşik we iý­mit önüm­le­ri­dir. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bol­sa, esa­san, Wýet­na­ma trans­port en­jam­la­ry­ny we oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ug­rad­ýar.

Er­kin söw­da ba­ra­da­ky yla­la­şy­ga gol çek­di­ler
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­nyň umu­my ba­za­ry (MERCOSUR) er­kin söw­da zo­la­gy ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 28 ýur­dy 20 ýy­la çe­ken gep­le­şik­ler­den soň­ra, ta­ryh­da iň uly söw­da yla­la­şy­gy­ny bag­laş­dy. Bu yla­la­şy­gyň ne­ti­je­sin­de, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ar­gen­ti­na, Bra­zi­li­ýa, Pa­rag­waý we Urug­waý ýa­ly ýurt­la­ryň umu­my ba­za­ry­na (MERCOSUR) eks­port nyrh­na­ma­la­ry­nyň kö­pü­si ýa­ty­ry­lyp, Ýew­ro­pa kom­pa­ni­ýa­la­ry­na her ýyl­da 4 mil­liard ýew­ro tyg­şyt­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Söw­da me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Ýew­ro­ko­mis­sar Se­si­li­ýa Malstr­ýom: – Ga­za­ny­lan yla­la­şyk 780 mil­li­on ada­my öz içi­ne al­ýan er­kin söw­da zo­la­gy­ny eme­le ge­ti­rip, iki yk­ly­my açyk­lyk we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da bi­r-bi­ri­ne has-da ýal­kyn­laş­dy­rar – di­ýip bel­le­di.
Umu­my ba­za­ryň dü­zü­mi­ne gir­ýän Ar­gen­ti­na, Bra­zi­li­ýa, Pa­rag­waý we Urug­waý 10-15 ýy­lyň do­wa­myn­da güm­rük paç­la­ry­ny ýa­ty­rar­lar. Şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi yla­la­şyk güý­je gi­ren ba­dy­na bu ýurt­la­ryň eks­por­ty üçin güm­rük paç­la­ry­ny ýa­ty­rar. Mun­dan ozal, şu ýy­lyň 1-nji few­ra­lyn­dan Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da er­kin söw­da zo­la­gy ba­ra­da­ky yla­la­şyk güý­je gi­rip­di. Bu er­kin söw­da zo­la­gy 635 mil­li­on ada­my öz içi­ne al­ýar.
1991-nji ýyl­da Pa­rag­wa­ýyň paý­tag­ty Asun­son­da güm­rük bi­le­le­şi­gi­ni we umu­my ba­za­ry dö­ret­mek ha­kyn­da yla­la­şyk ga­za­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, şeý­le ba­zar dö­re­dil­di. “MERCOSUR” yk­ly­myň je­mi içer­ki önü­mi­niň 75 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny eýe­le­ýär.