Gib­ral­tar bo­ga­zyn­da ýer­leş­ýän Tan­jer-Med por­tu­nyň gi­ňel­dil­me­gi Af­ri­ka yk­ly­my­na ta­rap açy­lan söw­da we ma­ýa go­ýum­la­ry der­we­ze­si­ne öw­rü­lip, Ma­rok­ko­nyň port şä­he­ri Tan­je­ri yk­dy­sa­dy taý­dan mö­hüm şä­he­re öw­rer. Bu ba­ra­da Ma­rok­ko­nyň Dar-al-maa­rif yl­my-bar­lag we sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Sal­man Bo­na­ma­na aýt­dy. Ol bu por­tuň Af­ri­ka ma­ýa goý­mak is­le­ýän lo­gis­tik kom­pa­ni­ýa­lar we se­na­gat bi­le­le­şik­le­ri üçin giň ýol aç­jak­dy­gy­ny öňe sür­di.
– Ma­rok­ko bu por­ty gi­ňelt­mek bi­len öň­de­ba­ry­jy stra­te­gik se­bit bol­ma­ga ta­gal­la ed­ýär. Şeý­le­lik­de, Ma­rok­ko­nyň hö­kü­me­ti di­ňe bir tran­zit zo­la­gy­nyň hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­män, eý­sem, söw­da hyz­mat­da­şy hök­mün­de hem öňe çyk­mak is­le­ýär – di­ýip, bi­ler­men aýt­dy.
Yk­dy­sa­dy me­se­le­ler bo­ýun­ça bi­ler­men Omar Ket­ta­ni port öz­ger­di­len­den soň, Tanjeriň yk­dy­sa­dy ösü­şi baş­dan ge­çi­rip, Ma­rok­ko­nyň de­mir­ga­zy­gynyň ada­ty şä­her bol­ma­gyn­dan söw­da we se­na­gat zo­la­gy­na öw­rül­jek­di­gi­ni aýt­dy. Ol bu por­tuň Tan­je­re mö­hüm yk­dy­sa­dy ar­tyk­maç­lyk be­rip, onuň öz­bo­luş­ly ge­og­ra­fik ýer­le­şi­şi söw­da ara­gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de oňaý­ly müm­kin­çi­lik dö­red­ýän­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne goş­dy.
– Bu port dün­ýä­niň ýa­kyn ba­zar­la­ry, şol san­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň we Gün­ba­tar Af­ri­ka­nyň ba­zar­la­ry üçin iň iri söw­da zo­la­gy bo­lup, ara­gat­na­şy­gyň iň ýö­ne­keý usu­ly­ny hö­dür­le­ýär. Ol Af­ri­ka­nyň gel­jek­de dün­ýä ba­za­ryn­da uly rol oý­na­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le­lik­de, Tan­jer yk­ly­myň söw­da­syn­da, esa­san hem, gün­ba­tar Af­ri­ka­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Af­ri­ka sa­ry ugur alan äh­li söw­da ýol­la­ry Tan­jer-Med ar­ka­ly ge­çer – di­ýip, Omar Ket­ta­ni aýt­dy.
Ma­rok­ko­nyň hö­kü­me­ti ge­çen aý Tan­jer-Med­de gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­la­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, onuň Or­ta Ýer deň­zi­niň we At­lan­tik um­ma­ny­nyň ke­nar­la­ryn­da iri por­ta öw­rül­jek­di­gi­ni öňe sü­rüp­di. Ma­rok­ko­nyň ko­ro­ly Mu­ham­med VI Tanjer-Me­diň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­ny aç­dy. Por­tuň ýur­duň gaz­na­sy­na uly gir­de­ji ge­ti­rme­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
2018-nji ýyl­da port­dan da­şa­lan ýük­le­riň umu­my möç­be­ri 52 240 mil­li­on ton­na deň bo­lup, 2011-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de iki gö­te­rim köp­dür. Tanj­er-Med – Gib­ral­tar bo­ga­zyn­da­ky hal­ka­ra lo­gis­tik port bo­lup, dün­ýä­niň 77 ýur­du­nyň 186 por­ty bi­len ara­gat­na­şyk sak­la­ýar.